GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistan ozon gatlagyny goramak boýunça halkara ekologik taslamasyny durmuşa geçirer
13.11.2026

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň (UNIDO) arasynda «Türkmenistanda gidrohlorftoruglerodlary tapgyrlaýyn ýatyrmak boýunça III tapgyr (2026–2030-njy ýyllar)» atly taslamany bilelikde durmuşa geçirmek boýunça degişli resminama gol çekildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar berdi.

Täze taslama ozon gatlagyna ýaramaz täsir edýän maddalaryň ulanylyşyny azaltmak we Türkmenistanyň bu ugurdaky halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek maksadyna gönükdirilendir. Taslamanyň esasy wezipesi sowadyjy enjamlarda, ulgamlarda hem-de ýylylyk nasoslarynda ulanylýan gidrohlorftoruglerodlaryň, şol sanda GHFU-22-niň sarp edilişini tapgyrlaýyn azaltmak we 2030-njy ýyla çenli olaryň ulanylyşyny doly bes etmekden ybaratdyr.

2026–2030-njy ýyllary öz içine alýan taslama Monreal teswirnamasyny durmuşa geçirmek üçin döredilen Köptaraplaýyn gaznanyň maliýe goldawy esasynda amala aşyrylar. Onuň çäklerinde ozon gatlagyny dargadyjy maddalaryň dolanyşygyna gözegçiligi güýçlendirmek, ekologik we gümrük barlaghanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hem-de degişli ugurlarda işleýän hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak meýilleşdirilýär.

Şeýle hem sowadyjy enjamlara hyzmat etmek ulgamynda okuw we sertifikatlaşdyrmak işlerini kämilleşdirmek, ozon gatlagyna zyýanly maddalary howpsuz ýygnamak, saklamak we gaýtadan dikeltmek üçin ýöriteleşdirilen enjamlary ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar.

Täze taslamanyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak boýunça alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birini ösdürmäge, ozon gatlagynyň goragyny üpjün etmäge, ekologik howpsuzlygy ýokarlandyrmaga hem-de sowadyjy ulgamlarynda ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň giňden ulanylmagyna ýardam berer.