GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň talyplary «Şatlyk» gaz kompressor stansiýasynda boldular
13.11.2026

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň talyplary üçin göçme okuw sapagy guraldy. Oňa «Nebitgaz geçirijileriniň we nebitgaz ammarlarynyň gurluşygy we ulanylyşy» hem-de «Nebit we gaz ýataklaryny işläp taýýarlamak» hünärleri boýunça okaýan talyplar gatnaşdylar.

Sapak «Gündogargazakdyryş» müdirliginiň Baş gaz geçirijisiniň «Şatlyk» gaz kompressor stansiýasynda we Mary şäher gaz paýlaýjy nokadynda geçirildi. Çäre «Gündogargazakdyryş» müdirliginiň goldamagy bilen guraldy.

Göçme sapagyň esasy maksady auditoriýalarda alnan bilimleri hakyky önümçilik şertlerinde pugtalandyrmak, şeýle hem okuwçylary gaz kompressor desgalarynyň iş ýörelgeleri, tehnologik enjamlar we howpsuzlyk tehnikasynyň düzgünleri bilen tanyşdyrmakdyr.

Tejribeli inženerler we hünärmenler talyplara tehnologik ulgamlaryň we gaz kompressor agregatlarynyň gurluşy, gazy arassalamak we sowatmak ulgamlarynyň işi, sanly gözegçilik we awtomatika ulgamlaryny dolandyrmak prosesleri, şeýle hem gaz hojalygynda zähmeti goramagyň we ekologik howpsuzlygyň kadalarynyň berjaý edilmegi barada gürrüň berdiler.

Sapaga gatnaşanlar ylmy, bilimi ösdürmek hem-de ýaşlary ýokary derejeli hünärmenler edip taýýarlamak üçin döredýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

 

 

Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti