GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Ýerli telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserni bilen polipropilen satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar
13.11.2026

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 12-nji noýabrda geçirilen birža söwdalarynda içerki bazarda ýerli işewürler «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «TPP D 30 S» kysymly polipropileni satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.

Mundan başga-da, içerki bazarda türkmen telekeçileri «Türkmenpagta» döwlet konserni bilen pagta üptügini satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.

Daşarky bazarda Latwiýanyň telekeçileri ýerli işewürlerden pagta ýagynyň çökündisiniň çig ýagly turşulygyny satyn aldylar. Serbiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen guradylan arassalanmadyk buýan köki we kök baldaklaryny satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar. Gyrgyz Respublikasynyň telekeçileri ýerli işewürlerden nah ýüplügini satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 2 998 500 manada we 1 490 524,53 ABŞ dollaryna deň bolan 5 geleşik baglaşyldy.