«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Nebitdag buraw işleri müdirliginiň hünärmenleri şu ýylyň dokuz aýynyň netijelerini jemlediler. Ýanwar — sentýabr aralygynda burawçylar jemi 15 müň 485 metr dag jynslaryny burawlap geçdiler we sekiz guýynyň gurluşygyny tamamladylar.
Hasabat döwründe gurlan guýularyň hemmesi ulanyş guýularydyr. Işler häzirki zamanyň kuwwatly buraw desgalaryndan peýdalanmak bilen alnyp baryldy.
Häzirki wagtda müdirligiň zähmet toparlary Günbatar Türkmenistanyň Barsagelmez, Goturdepe we Uzynada känlerindäki täze guýularda buraw işlerini dowam etdirýärler.
Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti







