Türkmenistanyň «Türkmennebit» döwlet konserni Gazagystanyň öňdebaryjy «KSP Steel» kompaniýasy bilen 11 müň tonna sepsiz oturtma turbalaryny satyn almak boýunça ylalaşyk gazandy. Bu barada Gazagystanyň «QazTrade» Söwda syýasatyny ösdürmek merkeziniň resmi saýtynda habar berilýär.
Ylalaşyga 22-nji oktýabrda Aşgabat şäherinde geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT 2026» 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde gol çekildi. Resminama gazak tarapyndan "KSP Steel" kompaniýasynyň täjirçilik direktory Bauržan Kožabekow tarapyndan gol çekildi.
Bellenilişi ýaly, degişli önümler Gazagystanyň Pawlodar şäherinde ýerleşýän zawodda öndürilip, Türkmenistanyň nebitgaz pudagyndaky önümçilik we burawlaýyş işlerinde giňden ulanylar.
Gazagystanyň metallurgiýa önümleriniň Türkmenistana eksport edilmegini göz öňünde tutýan bu şertnama iki goňşy döwletiň arasyndaky senagat hyzmatdaşlygyny we söwda-ykdysady gatnaşyklary täze derejä çykarmaga uly goşant goşar.







