GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Prezidenti Alžiriň Prezidentine Respublikanyň milli baýramy mynasybetli gutlag iberdi
02.11.2026

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Abdelmajid Tebbuna ýurduň milli baýramy — Ynkylap güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz Prezident Abdelmajid Tebbuna tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Alžiriň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi