Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 31-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow metan gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak we peýdaly ulanmak boýunça halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleri tarapyndan bu ugurda, hususan-da, Bütindünýä bankynyň degişli taslamasynyň çäklerinde öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Munuň özi önümçilik işlerinde daşky gurşawy aýawly saklamakda we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde anyk çäreleri durmuşa geçirmäge giň mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurdumyzda daşky gurşawy aýawly saklamak we tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak boýunça hemişe netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz nebitgaz toplumynda metan gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak babatda halkara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek we bu ugurda degişli işleri ýokary derejede dowam etdirmek boýunça wise-premýere birnäçe aýratyn tabşyryklary berdi.







