GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentini Türkiýe Respublikasynda gowşurylan ýokary sylaglar bilen gutlady
02.11.2026

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa döwlet Baştutanymyza Hajettepe uniwersitetiniň halkara gatnaşyklar ugry boýunça hormatly doktory diýen akademiki derejäniň berilmegi hem-de Türkiýe Respublikasynyň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşi (DEIK) tarapyndan «Strategik dostluk nyşany» bilen sylaglanylmagy mynasybetli gutlag haty iberdi.

Hatda bellenilişi ýaly, bu sylaglar hormatly Prezidentimiziň Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň ХIII sammitine gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde gowşuryldy.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentine Türkiýe Respublikasynyň ylmy barlaglar boýunça öňdebaryjy bilim ojaklarynyň biri hasaplanýan Hajettepe uniwersitetiniň halkara gatnaşyklar ugry boýunça hormatly doktory akademiki derejesiniň berilmegini Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, döwletleriň we halklaryň arasynda özara düşünişmegi pugtalandyrmaga, parahatçylykly dialogy ilerletmäge goşýan goşandyňyzyň giňden ykrar edilýändiginiň subutnamasy diýip atlandyrdy. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň sözlerine görä, türkmen ýaşlarynyň müňlerçesi Türkiýe Respublikasynda bilim alýar, doganlyk ýurduň abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen ylmy-akademiki gatnaşyklar yzygiderli häsiýete eýe bolýar.

Hatda aýdylyşy ýaly, Türkiýe Respublikasynyň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşiniň «Strategik dostluk nyşany» özara söwdany, telekeçiligi ösdürmek, maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak, bilelikdäki iri taslamalary amala aşyrmak babatda edilýän tagallalaryň belent ykrarnamasydyr. Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň iri söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygy bellenilýär. Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen iri maksatnamalaryň çäklerinde meşhur türk kompaniýalary tarapyndan ýüzlerçe taslamalaryň durmuşa geçirilmegi-de munuň aýdyň mysalydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa berk jan saglyk, uzak ömür hem-de dünýä döwletleri bilen dostluk-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen işlerinde mundan beýläk-de üstünlikler arzuw etdi.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi