Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepde geçirilen söwdalaryň netijeleri Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň önümlerine daşarky bazarda islegiň bardygyny görkezdi.
«Türkmennebit» döwlet konserni we Owganystanyň, Gruziýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE), şeýle hem Bolgariýanyň işewür toparlarynyň wekilleri suwuklandyrylan gazy satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.
Nebitgaz önümleri bilen bir hatarda, söwdalarda dokma pudagynyň önümlerine — pagta süýümine, nah ýüplügine we dokma harytlaryna hem isleg bildirildi.
Baglaşylan geleşikler eksport girdejileriniň artmagyna, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryň berkidilmegine we ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň mundan beýläk-de pugtalanmagyna ýardam eder.







