GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň önümleri daşarky bazarda ýerlenildi
09.10.2026

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 8-nji oktýabrynda geçirilen birža söwdalarynda daşarky bazarda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.

Türkiýe Respublikasynyň, Singapuryň we Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmengaz» döwlet konseni bilen tokgalaýyn tehniki kükürti satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.

Azerbaýjanly telekeçiler türkmen işewürlerinden nah ýüplügini satyn aldylar.

Içerki bazarda ýarympanama çig nah mata ýerlenildi.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 9 758 000 manada we 138 461 214,08 ABŞ dollaryna deň bolan 6 geleşik baglaşyldy.