GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Prezidenti Hatyra güni mynasybetli çärä gatnaşdy
06.10.2026

6-njy oktýabr — Hatyra güni Türkmenistanda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary, şeýle hem Watan goragynda söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar hasrat bilen ýatlanyldy. Aşgabatdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda geçirilen gül goýmak hatyra çäresine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde gurban bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralap, «Ruhy tagzym» ýadygärligine gül çemenini goýdy.

Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz mähriban Watanymyzyň erkinligi, onuň bagtyýar geljegi ugrundaky söweşlerde baş goýan gahrymanlaryň hatyrasyna bina edilen «Milletiň ogullary» we «Baky şöhrat» ýadygärliklerine gül çemenlerini goýdy. Türkmen topragynyň merdana ogullary baradaky synmaz hakydanyň nyşany hökmünde «baky ot» ýanyp dur.

Soňra Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, milli parlamentiň deputatlary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary gül desselerini goýdular. Ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki diplomatik wekilhanalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, talyplar, türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary hem olara goşuldylar.

Hatyra çäresi tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Hatyra çäreleri Arkadag şäherinde hem-de Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda geçirildi. Wepat bolanlaryň ruhuna aýat-töwirler okalyp, sadakalar berildi.

«Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda geçirilen çäre beýik pederlerimiziň däpleriniň mynasyp dowam etdirilýändiginiň, halkymyzyň ruhubelentligini belende götermegiň hatyrasyna nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygynyň nobatdaky aýdyň nyşanyna öwrüldi.