Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen bilelikde baýramçylyk dabarasy geçirildi. Çäre şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy bagyşlandy. Çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gyrbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň has-da gülläp ösmegi ugrunda edýän çäksiz aladalary barada gürrüň berdiler.
Dabara gatnaşyjylar hemmetaraplaýyn kämil ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmäge döredilýän giň mümkinçilikler üçin hoşallyklaryny aýtdylar.







