GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentini Koreýa Respublikasyna amala aşyran üstünlikli döwlet sapary bilen gutlady
18.09.2026

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Koreýa Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň üstünlikli geçmegi hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza Songýungwan uniwersitetiniň syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesiniň berilmegi, Koreýanyň Halkara söwda assosiasiýasynyň Hormat nyşanynyň we ýörite şahadatnamasynyň gowşurylmagy mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlady.

Gutlag Hatynda bellenilişi ýaly, dürli ýyllarda bu dostlukly ýurda amala aşyrylan saparlar, gazanylan ýokary derejeli ylalaşyklar türkmen-koreý gatnaşyklarynyň okgunly ösdürilmegine ýardam etdi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna amala aşyran şu gezekki döwlet sapary hem baý many-mazmuny bilen tapawutlanyp, döwletara hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypany açdy. Seulda geçirilen ýokary derejeli gepleşikler, gol çekilen resminamalar, Türkmen-koreý işewürlik maslahaty we beýleki çäreler iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň täze derejä çykýandygyny alamatlandyrýar.

«Siziň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» sammitine gatnaşmagyňyz ýurdumyzyň bu formatyň çäginde köptaraply hyzmatdaşlygy ilerletmäge uly gyzyklanma bildirýändigini görkezýär» diýip, Gahryman Arkadagymyz Hatynda ýazdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Koreýa Respublikasy hem Türkmenistanyň maýa goýum babatda işjeň hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Dürli ýyllarda iri koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň çar künjeginde gurlup ulanmaga berlen senagat kärhanalary ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmaga goşant goşýar. Şu nukdaýnazardan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmen-koreý işewürlik maslahatyna gatnaşyp, anyk teklipleri hem-de başlangyçlary öňe sürmegi köpýyllyk hyzmatdaşlykda toplanan tejribeleri has-da baýlaşdyrmakda, «ýaşyl» ykdysadyýet, «akylly» şäherler, emeli aň ýaly ýokary tehnologik ugurlarda özara gatnaşyklary giňeltmekde möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň bellemegine görä, Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, özara ynanyşmagy hem-de ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşan goşandy üçin, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Koreýanyň Halkara söwda assosiasiýasynyň Hormat nyşanynyň we ýörite şahadatnamasynyň gowşurylmagy bolsa döwlet Baştutanymyzyň bu ugurda edýän çäksiz tagallalaryna berlen ýokary bahadyr.

«Seula amala aşyran saparyňyzyň çäginde Size Songýungwan uniwersitetiniň syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesiniň berilmegi ýurdumyza goýulýan hormat-sarpadan, Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň halklarynyň dostlukly gatnaşyklaryndan nyşandyr. Size 600 ýyldan gowrak taryhy bolan abraýly bilim ojagy tarapyndan hormatly derejäniň berilýändigini tassyklaýan diplomyň gowşurylmagy daşary işler, kanun çykaryjylyk, ýerli dolandyryş we ykdysadyýetiň dürli ugurlary boýunça toplan tejribäňiziň, sanly ykdysadyýete geçmek, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak babatda durmuşa geçirýän özgertmeleriňiziň dostlukly ýurtda giňden goldanylýandygyny subut edýär» diýip, Hatda aýdylýar.

Hatynyň soňunda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da berkitmek babatda başlangyçlarynyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.