Türkmenistanyñ Döwlet haryt-çig mal biržasynda 17-nji sentýabrda geçirilen birža söwdalarynda içerki bazarda ýurdumyzyñ nebitgaz toplumynyñ önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.
Türkmenistanyñ işewür toparlarynyñ wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «TPP D 30 S» kysymly polipropileni satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.
Daşarky bazarda Birleşen Arap Emirlikleriniñ (BAE) telekeçileri türkmen işewürlerinden pagta ýagynyň çökündisiniň ýagly turşulygyny, pagta ýagynyň çökündisiniň distilirlenmedik ýagly turşulygyny we çig matany satyn aldylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 2 000 000 manada we 303 500 ABŞ dollaryna deň bolan 5 geleşik baglaşyldy.







