GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Prezidentiniň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy
17.09.2026

Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Seul şäheriniň ýokary derejeli myhmanlary kabul ediş howa menziline bardy we bu ýerden Watanymyza ugrady.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýurdumyzyň Hökümet agzalary mähirli garşyladylar. Olar hormatly Prezidentimizi döwlet saparynyň hem-de «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitiniň üstünlikli geçmegi bilen tüýs ýürekden gutladylar. Hökümet agzalary döwlet Baştutanymyzy Songýungwan uniwersitetiniň syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesiniň berilmegi we Koreýanyň Halkara söwda assosiasiýasynyň Hormat nyşany bilen sylaglanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna amala aşyran döwlet sapary iki ýurduň arasyndaky ynanyşmagyň we özara hormat goýmagyň ýokary derejesini aýdyň görkezdi. Seulda geçirilen ýokary derejedäki gepleşikler we gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumy dürli ulgamlarda giň möçberli taslamalary durmuşa geçirmek üçin berk binýady goýdy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» formatyndaky ilkinji sammitine gatnaşmagy hem-de däp bolan dostlukly dialogyň hil taýdan täze derejä çykarylmagy bolsa taraplaryň tutuş sebitiň abadançylygynyň bähbidine uzak möhletli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassyklady.