Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti Türkmenistanyň «Ýaşlyk» teleýaýlymy bilen bilelikde Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy hem-de Niderlandlar patyşalygynda üstünlikli geçirilen çäreler mynasybetli baýramçylyk gepleşigini ýazgy etdi.
Bu çärä Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy Akademiýasynyň lkinji zenanlar guramasynyň başlygy şahyr Gülşirin Hanowa hem gatnaşyp, öz şygyrlaryny tomaşaçylara okap berdi. bilen bezedi. Gepleşikde Garaşsyzlygymyzyň ähmiýeti, Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde türkmen bedewleriniň gazanan üstünligi dogrusynda täsirli söhbet etdiler.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň «Gara altyn» çeper höwesjeňler topary Watanymyzy wasp edýän ajaýyp aýdymlary ýerine ýetirdiler.







