15-nji sentýabrda Koreýa döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýonuň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.
Koreýa Respublikasynyň Prezident Li Çže Mýon belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip Koreýa Respublikasyna gelendigi üçin hoşallyk bildirdi hem-de özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda ösdürilýän koreý-türkmen gatnaşyklarynyň häzirki ýokary derejesini kanagatlanma bilen belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Koreýa Respublikasyna gelmäge çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, şu saparyň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, koreý-türkmen gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda Gahryman Arkadagymyzyň ägirt uly goşandyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Koreýa Respublikasy bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berýändigini aýtdy. Häzirki wagtda Koreýa Türkmenistanyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde möhüm hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýär.
Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.
Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýon Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, Koreýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky döwletara dialogyň özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgeleri esasynda ösdürilýändigini belledi hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň şu döwlet saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany alamatlandyrjakdygyna, köpugurly hyzmatdaşlygy ilerletmäge kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň tebigy serişdeleriň ägirt uly gorlaryna eýe bolan, ykdysady taýdan kuwwatly ýurtdugyny aýdyp, Koreýa Respublikasynyň özara hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady. Bellenilişi ýaly, giň möçberli bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi diňe bir senagat kooperasiýasynyň ýokary derejesini görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, iki döwletiň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine hem hyzmat edýär.
Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýon mümkinçilikden peýdalanyp, koreý kompaniýalarynyň türkmen bazarynda netijeli işlemegi babatda döredilýän amatly şertler üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen gelmek baradaky çakylyk hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan minnetdarlyk bildirip, Koreýa Respublikasyna ilkinji döwlet saparynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly ähmiýete eýedigini belledi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz türkmen-koreý gatnaşyklaryny ösdürmekde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň noýabrynda Koreýa Respublikasyna amala aşyran saparynyň aýratyn orun eýeleýändigini aýdyp, şol saparyň iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň taryhynda möhüm waka bolandygyny, häzirki döwürde ýurdumyzyň bu hyzmatdaşlygy täze ugurlar bilen has-da ösdürmegi maksat edinýändigini nygtady.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz Koreýa Respublikasynyň Türkmenistanyň Bitaraplygyny, halkara başlangyçlaryny goldaýandygyna ýurdumyzyň ýokary baha berýändigini aýdyp, öz nobatynda, Türkmenistanyň hem Koreýanyň dünýä gün tertibiniň wajyp meseleleriniň ençemesi boýunça garaýyşlaryna hormat goýýandygyny belledi. Koreýa Respublikasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen Kararnamalaryny hemişe goldap çykyş etdi. Türkmenistan hem Koreýa Respublikasynyň bu ugurdaky başlangyçlaryna goldaw berýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň başlangyjy esasynda Baş Assambleýa tarapyndan kabul edilen «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamany Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň goldandygy we onuň awtordaşy bolup çykyş edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz geljek ýyl Türkmenistan bilen Koreýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 35 ýyl dolýandygyny, munuň iki halkyň we döwletiň taryhynda möhüm ähmiýetli senedigini hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigine şaýatlyk edýändigini aýdyp, bu şanly senäni iki ýurtda hem giňden bellemegi, ony many-mazmun taýdan baýlaşdyrmagy teklip etdi.
Söwda-ykdysady ulgam ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda aýratyn orny eýeleýär. Ýurdumyz koreý kompaniýalarynyň türkmen bazarynda alyp barýan işine ýokary baha berýär. Olaryň gatnaşmagynda strategik taýdan ähmiýetli taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçirildi we bu işler dowam etdirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanda jemgyýetçilik ulaglarynyň esasy bölegini Koreýada öndürilen awtobuslaryň we ýeňil awtoulaglaryň düzýändigini, gämigurluşyk pudagynda koreý kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny, Arkadag şäherinde lukmançylyk klasteriniň taslamasyny amala aşyrmaga-da koreý kompaniýasynyň gatnaşýandygyny belläp, ýurdumyzyň maýa goýum, söwda, energetika, senagat, himiýa senagaty, demir ýol ulaglary, emeli aň, ylym, tehnologiýalar, suw serişdelerini dolandyrmak, ekologiýa ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmekde Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň alyp barýan işiniň ähmiýetini belläp, ulag ulgamynda bilelikdäki işler üçin uly mümkinçilikleriň açylýandygyna ünsi çekdi. Türkmenistan Koreýa Respublikasyna Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde örän wajyp hyzmatdaş hökmünde garaýar. Häzirki döwürde Türkmenistan Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça hyzmatdaşlary bilen bilelikde üstaşyr ulag, logistika üpjünçilik ulgamlarynyň köpşahaly ugruny döredýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň koreý kompaniýalarynyň bu taslamalara gatnaşmagyny goldaýandygyny aýtdy.
Türkmenistan ynsanperwer ulgamda-da ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge ähmiýet berýär. Iki ýurtda hem sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda medeni çäreleri geçirmegiň uly tejribesi toplandy. Özara Medeniýet günleri üstünlikli geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz 16-njy sentýabrda Koreýa Respublikasynda Türkmenistanyň nobatdaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasynyň geçiriljekdigini aýdyp, ýurdumyzyň giň gerimli medeni hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändigini mälim etdi.
Ylym-bilim ulgamy hem hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar. Ylmy işler, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikler bar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow saparyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da giňeltmäge gönükdirilendigini, geçirilen gepleşikleriň bolsa iki döwletiň özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýändigini tassyklaýandygyny aýdyp, türkmen tarapynyň bu saparyň netijelerine ýokary baha berýändigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz geçirilen netijeli gepleşikler, iki ýurduň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygy üçin koreý tarapyna minnetdarlyk bildirip, Koreýa Respublikasynyň Prezident Li Çže Mýony geljek ýylda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Koreýanyň halkyna parahatçylyk, abadançylyk arzuw etdi.
Soňra iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalary alyşmak dabarasy boldy. Şol resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda maýa goýumlary höweslendirmek we goramak hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda gümrük meselelerinde hyzmatdaşlyk etmek we özara ýardam bermek hakynda Ylalaşyk; «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen Koreýa Respublikasynyň Söwda, senagat we serişdeler ministrliginiň arasynda himiýa senagatynda we senagat gurluşygynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Koreýa Respublikasynyň Howa, energetika we daşky gurşaw ministrliginiň arasynda suw serişdelerini dolandyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň Gender deňligi we maşgala ministrliginiň arasynda ýaşlar babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň Intellektual eýeçilik ministrliginiň arasynda intellektual eýeçilik babatda ählitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň Ýustisiýa ministrliginiň arasynda hukuk we ýustisiýa babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Baş prokuraturasy bilen Koreýa Respublikasynyň Ýokary prokuraturasynyň arasynda transmilli guramaçylykly jenaýatlara garşy göreşmekde hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Koreýa Respublikasynyň Koreýa Gümrük gullugynyň arasynda serhetde intellektual eýeçilik hukugyny goramak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň Koreýa Milli polisiýa agentliginiň arasynda polisiýa hyzmatdaşlygy barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň Ýer, infrastruktura we ulag ministrliginiň arasynda infrastruktura babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň Ýer, infrastruktura we ulag ministrliginiň arasynda demir ýol ulaglary babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň Koreý tokaý gullugynyň arasynda tokaýlary sanly görnüşde dikeltmek we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hormatyna Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýonuň adyndan resmi kabul edişlik guraldy.







