Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýerleşýän «Täze senagat» açyk paýdarlar jemgyýeti kärhananyň çalgy ýaglarynyň hatarynda täzelik bolan «Greenhill» haryt nyşanly doly sintetiki 5W-30 motor ýagyny öndürip başlady.
Täze önüm Amerikanyň nebit institutynyň (API) SP derejesiniň talaplaryna laýyk gelýän formulalar esasynda öndürilýär. Ol häzirki zaman benzinli hereketlendirijiler üçin niýetlenen bolup, ýokary gyzgynlyga çydamlylygy hem-de ýapyşaklygynyň peselmegine durnuklylygy bilen tapawutlanýar, ýangyjyň tygşytly sarp edilmegine ýardam berýär, hereketlendirijini könelmeden goraýar we onuň arassalygyny saklaýar.
Önümçilikde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän, 2-nji we 3-nji toparlara degişli ýokary hilli esasy ýaglar, ExxonMobil bilen Shell kompaniýalarynyň bilelikdäki kärhanasy bolan Infineum kompaniýasynyň goşundylary, şeýle hem iň täze önümçilik tehnologiýalary ulanylýar. Şeýle çemeleşme awtoulaglar, senagat enjamlary we ýörite tehnika üçin hilli, ygtybarly hem-de bäsdeşlige ukyply çalgy ýaglaryny öndürmäge mümkinçilik berýär.
Kärhanada «Greenhill» haryt nyşanly 10W-40, 15W-40 we 20W-50 kysymly motor ýaglarynyň önümçiligi eýýäm ýola goýuldy. Doly sintetiki 5W-30 ýagynyň önümçiliginiň ýola goýulmagy bilen kärhana häzirki zaman ýeňil awtoulaglary üçin täze önümi bazara çykarýar we önümçiliginiň görnüşlerini giňeldýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň telekeçiligi we senagaty ösdürmek üçin döreden amatly şertlerine daýanyp, kärhana importyň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmegi, içerki bazary ýokary hilli ýerli önümler bilen üpjün etmegi, eksport mümkinçiliklerini giňeltmegi we milli senagatyň durnukly ösüşine goşant goşmagy maksat edinýär.







