Sentýabr aýynyň 14-17 aralygynda Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetiniň professory sanly ulgam arkaly Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Nebit we gaz fakultetiniň talyplary we ýaş mugallymlary üçin «Deňiz desgalarynyň giňişleýin seljermesi we taslamalaşdyrylmagy» atly tema boýunça okuw sapagyny geçýär.
Sapaklar Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň, şeýle hem Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetiniň arasynda baglaşylan özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň çäklerinde geçirilýär.
Sapaklarda häzirki döwürde ulanylýan innowasion tehnologiýalar we täze usullar barada gyzykly maglumatlar berilip, olaryň jemleri boýunça Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetiniň ýörite şahadatnamalary gowşurylar.
Ähtnamanyň çäklerinde 2026-2027-nji okuw ýylynyň dowamynda «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetiniň birnäçe professorlarynyň sanly ulgam arkaly şeýle hem Aşgabatdaky Halkara nebit we gaz uniwersitetine gelip, okuw sapaklaryny geçirmekleri meýilleşdirilen. Sapaklar nebitgaz pudagyna emeli aňy ornaşdyrmak, himiýa senagaty we gaýtadan işlemek temalary öz içine alar.







