Turkmen Energy Forum-yň direktory Nazar Atajanow Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Al Hameli bilen duşuşdy. Taraplar iki ýurduň arasyndaky işewürlik, maýa goýum we ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT-2026» 31-nji halkara maslahaty we sergisi, «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa hem-de energetika pudaklaryny ösdürmek» (CIET 2026) atly halkara maslahaty hem-de sergisi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem taraplar Birleşen Arap Emirlikleriniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň energetika, gaýtadan dikeldilýän energiýa, gurluşyk we maýa goýum ulgamlarynda has giňden gatnaşmagynyň mümkinçiliklerine seretdiler.
Duşuşykda BAE-niň XRG, ADNOC, ENOC we Masdar ýaly iri energetika kompaniýalary, şeýle hem Emaar, DAMAC we Aldar ýaly gozgalmaýan emläk ulgamynyň öňdebaryjy kompaniýalary bilen mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň geljegi bellenildi. Bu bolsa Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň Türkmenistanyň energetika, infrastruktura we gurluşyk ulgamlaryndaky taslamalaryna gatnaşmak mümkinçilikleriniň artýandygyny görkezýär.







