GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň nebitçileri nebit çykarylyşy boýunça ýyllyk meýilnamany artygy bilen ýerine ýetirdiler
15.09.2026

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Gamyşlyjanebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri şu ýylyň başyndan bäri meýilnamada bellenilen 421,1 müň tonna derek 461,3 müň tonnadan gowrak nebit çykaryp, meýilnamany 109,5 göterim ýerine ýetirdiler. Müdirligiň işgärleri Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny zähmet sowgady bilen garşylaýarlar.

Müdirlik Balkan welaýatynyň Esenguly etrabyndaky Ekerem, Gamyşlyja, Şatut we Altyguýy känlerinde nebit çykarmak işlerini alyp barýar.

Bellenilişi ýaly, şu günler müdirligiň hünärmenleri burawlaýjylardan kabul edilen iki sany täze nebit guýusyny senagat taýdan özleşdirmek işlerini ýokary depginde alyp barýarlar.

Müdirligiň işgärleriniň zähmeti «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» öňde goýlan wezipeleriň durmuşa geçirilmegine saldamly goşant goşýar.

Müdirligiň nebitçileri türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa alyp barýan uly işlerinde üstünlikler arzuw etdiler.