GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
«Daşoguzgazakdyryş» müdirliginde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy bellenildi
15.09.2026

«Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň merkezi edarasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyzlyk bize bu bagty berdi» atly maslahat geçirildi. Oňa müdirligiň önümçilik bölümleriniň öňdebaryjy işgärleri, şeýle hem kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň ýolbaşçylary we işjeň agzalary gatnaşdy.

Maslahata baş gaz geçirijiniň ugrunda ýerleşýän «Çöllük», «Ýylanly» we «Derýalyk» önümçilik edaralarynyň, Gazawat senagat meýdançasynyň, Merkezi maglumatlar merkeziniň, Merkezi ýyladyş elektrotehniki önümçiliginiň, Ýöriteleşdirilen ulanyş edarasynyň, bejeriş-gurluşyk hem-de awtoulag edaralarynyň, şeýle hem Jemleýji üpjünçilik-tehniki önümçilik edarasynyň işgärleri gatnaşdy.

Çykyş edenler Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň diňe bir nebitgaz pudagynda däl, eýsem ähli ulgamlarda haýran galdyryjy özgertmeleri gazanandygyny, döwlet özygtyýarlylygynyň iň möhüm netijeleriniň biriniň bolsa ýurdumyzyň halkynyň öz ýerasty tebigy baýlyklarynyň doly hukukly eýesine öwrülmegidigini, halkyň şol baýlyklaryň berekedinden peýdalanýandygyny belläp geçdiler.

Müdirligiň kärdeşler arkalaşyklarynyň birleşen komitetiniň başlygy Berdinazar Meredowyň çykyşy aýratyn ýatda galyjy boldy. Ol buýsanç bilen Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň uglewodorod serişdeleriniň gorlary, çykarylyşy we gaýtadan işlenilişi boýunça dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna çykandygyny, milli ykdysadyýetiň we halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýyl-ýyldan ýokarlanmagynyň bolsa ýurduň nebitgaz pudagynyň ösüşi bilen göni baglanyşyklydygyny belledi.

Bellenilişi ýaly, müdirlik «Döwletabat — Derýalyk» baş gaz geçirijisiniň ugrunda ýerleşýän «Çöllük», «Ýylanly» we «Derýalyk» önümçilik bölümlerini, dürli diametrli we basyşly gaz geçirijileriň müňlerçe kilometrini, şeýle hem dürli maksatly desgalaryň onlarçasyny özünde jemleýär. Müdirligiň düzümleriniň işgärleri we hünärmenleri şu halkara gaz geçiriji arkaly türkmen gazynyň dünýä bazaryna çykarylmagynda hem-de ýurduň demirgazyk welaýatynyň ilatynyň gymmatly «mawy ýangyç» bilen üpjün edilmeginde nusgalyk işleri alyp barýarlar. Muňa şu ýylyň sekiz aýynyň jemi boýunça gazanylan zähmet netijeleri hem şaýatlyk edýär.

Şanly senä bagyşlanan dabarada kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň pudaklar boýunça utgaşdyryjysy Mämmetdurdy Muhammedow hem çykyş etdi.

 

Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti