Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň arasynda geçirilen «Ýylyň mugallymy» döwlet bäsleşiginiň netijeleri jemlendi. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Kiberhowpsuzlyk kafedrasynyň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji, tehniki ylymlaryň kandidaty, uly mugallym Maksat Çüriýew ikinji orna mynasyp boldy. Ol 139,92 bal toplap, ýokary okuw mekdepleriniň iň gowy mugallymlarynyň hataryna girdi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berdi.
«Ýylyň mugallymy» döwlet bäsleşigi ýokary hünär biliminiň hilini ýokarlandyrmak, professor-mugallymlaryň döredijilik we ylmy işjeňligini höweslendirmek, şeýle hem döwrebap okatmak usullaryny ösdürmek maksady bilen geçirildi. Ýeňijileri kesgitlemekde Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň reýting bahalandyrma ulgamynyň görkezijileri we sanly platformada awtomatiki hasaplanan netijeler esasy ölçeg hökmünde ulanyldy.
Bäsleşigiň baş baýragyna 505,52 bal bilen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Matematiki analiz kafedrasynyň müdiri, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty, uly mugallym Nurmuhammet Gurbanmämmedow mynasyp boldy. Birinji orunlary Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň wekilleri eýelediler. Şeýle hem dürli ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary ikinji we üçünji orunlara mynasyp boldular.
Döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri we baýrakly orunlaryň eýeleri Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň degişli derejeli diplomlary bilen sylaglandy.







