GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Aşgabatda nebitgaz toplumynyň işgärleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bellenildi
15.09.2026

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabarany «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Dokma senagaty işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy guradylar. Dabara Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň önümçilik düzümleriniň işgärleri gatnaşdylar.

Dabara gatnaşyjylaryň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, Garaşsyzlyk Türkmenistany uly üstünlikleriň hem-de rowaçlygyň ýoly bilen öňe alyp barýan güýçdür. Şeýle-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiň pudaklarynda hem-de ynsanperwer ulgamda belent sepgitlere ýetýändigi bellenildi.

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň esasyny düzýän nebitgaz toplumy häzirki wagtda täze belentliklere göterilýär: Türkmenistan dünýäde iri energetika döwletleriniň biri hökmünde ykrar edilýär. Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda dünýäde iň iri gaz känleriniň biri bolan «Galkynyş» känini senagat taýdan özleşdirmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygyny dowam etdirmek, şeýle-de çig maly gaýtadan işleýän innowasion nebithimiýa toplumlaryny gurmak bar. Dabarada bellenilişi ýaly, munuň özi ýurdumyzyň dünýä energetika howpsuzlygyny üpjün etmekdäki durnukly ornuny pugtalandyrýar.

Dabarada beýleki ugurlardaky giň gerimli üstünlikler barada-da gürrüň edildi: ylym-bilim ulgamynyň ösdürilişi, türkmen medeniýetiniň we sungatynyň dünýäde ýaýradylyşy, sportdaky ýokary netijeler hem-de pudaklara sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy.

Dabaranyň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň sungat ussatlary çykyş edip, ýurdumyzyň ösüşini we Garaşsyzlygy wasp edýän aýdymlary ýerine ýetirdiler. Dabara tamamlanandan soň, guramaçylar önümçiligiň öňdebaryjylaryna baýramçylyk sowgatlaryny gowşurdylar.

 

 

Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti