14-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde alnyp barylýan işler, daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwretmäge ýöriteleşdirilen döwrebaplaşdyrylýan mekdebiň, çagalar bagynyň we sport toplumynyň gurluşyk hem-de içki bezeg işleriniň şekil taslamalary bilen tanyşdy.
Ir bilen türkmen halkynyň Milli Lideri gurluşygy dowam edýän we «Arkadagyň ruhy metjidi» adyna eýe bolan nurana metjidiň ýanyna geldi. Bu ýerde hajy Arkadagymyz mähirli garşylanyldy.
Gahryman Arkadagymyz bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işlerini synlady. Metjidiň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň, onda ulanylýan bezeg hem-de gurluşyk serişdeleriniň berklik, amatlylyk babatda ýokary hil derejesine laýyk gelmelidigini belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri gurluşyk işleriniň her bir tapgyrynyň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyna ünsi çekdi.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda döwrebaplaşdyrylmagy we gurulmagy meýilleşdirilýän häzirki zaman desgalarynyň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow bu ýerde görkezilýän taslamalaryň üsti bilen şäherde alnyp barylýan gurluşyk işleri, gurluşykda ulanylýan serişdeleriň görnüşleri, binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada giňişleýin maglumat berdi. Görkezilýän taslamalaryň hatarynda Arkadag şäheriniň çäginde döwrebaplaşdyrylmagy meýilleşdirilýän mekdebiň, gurulmagy teklip edilýän çagalar bagynyň, sport toplumynyň şekil taslamalary, gurluşykda ulanylýan bezeg serişdeleriniň görnüşleri, durmuş maksatly binalaryň içki we daşky bezeg işleriniň görnüşleri bar.
Gahryman Arkadagymyz şekil taslamalaryny, olaryň gurluşygynda ulanylýan serişdeleriň görnüşlerini synlap, olara birnäçe belliklerini aýtdy hem-de degişli düzedişleri girizdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri binalaryň içiniň we daşynyň bezeg işlerine, şol bir wagtyň özünde, durmuş maksatly desgalaryň ýanaşyk ýerleriniň ýokary derejede abadanlaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidigini belläp, öz maslahatlaryny berdi. Aýratyn-da, bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän çagalar bagynyň oglanlar we gyzjagazlar üçin niýetlenen otaglarynda degişli bezeg işleriniň amala aşyrylmalydygyny aýdyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy otaglaryň aýratynlygy nazara alnyp, olarda ýurdumyzyň ösümlik, haýwanat dünýäsine degişli şekilleriň ýerleşdirilmelidigini belledi. Munuň özi ýaş nesilleriň aň taýdan sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmeginde, çagalarda gözel tebigatymyza söýgini ösdürmekde ähmiýetlidir.
Gahryman Arkadagymyz täze şäherde gurulýan mekdepde okadyljak dersleriň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmelidigini nygtap, mekdepde berilýän bilimiň halkymyzyň milli edep ýörelgeleri bilen utgaşykly alnyp barylmalydygyna ünsi çekdi. Munuň özi ýaşlarda edeplilik, zähmetsöýerlik, watançylyk häsiýetleriniň uly orun eýelemeginde ähmiýetli ugur hasaplanýar. Türkmen halkynyň Milli lideri Gurbanguly Berdimuhamedow halkara giňişlikde sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginde möhüm orun eýeleýän sport toplumlarynyň gurluşygyna hem-de olaryň enjamlaşdyrylyşyna häzirki zamanyň ösen tejribesi esasynda çemeleşilmelidigini belledi we bu babatda maslahatlaryny berdi.
Häzirki döwürde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýaşlaryň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagyny, olaryň ösen tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarmaklaryny esasy ugur edinýän döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilýändigini belläp, Gahryman Arkadagymyz bu ýerde düýpli döwrebaplaşdyrylýan bilim ojaklarynda, çagalar baglarynda ýaşlaryň sport bilen meşgullanmaklaryny üpjün edýän mümkinçilikleriň döredilmelidigini aýtdy. Watanymyzyň ýaşlar syýasaty ýaş türkmenistanlylaryň sagdyn ösmegi, kämil şahsyýet hökmünde kemala gelmegi ugrunda has amatly şertleri döretmäge, jemgyýetiň we döwletiň bähbidine olaryň aň-paýhas, döredijilik, ruhy kuwwatyny doly derejede amala aşyrmak üçin mümkinçilikleri giňeltmäge gönükdirilendir. Şol bir wagtyň özünde, ýaşlaryň täzeçil usullary, sanly tehnologiýalary işjeň özleşdirmeklerine giň ýol açylmalydyr. Ýaş raýatlaryň hukuk, durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, türkmen halkyna mahsus ruhy-ahlak, medeni gymmatlyklary, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlarda watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, raýat jogapkärçiligini terbiýelemek, olaryň başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek Türkmenistanyň ýaşlar strategiýasynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu ugurda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan işleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan mynasyp dowam etdirilip, täze wezipeler kesgitlenilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwrebap çagalar baglary we mekdepler gurulýar. Çünki döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýaşlar Watanyň daýanjydyr.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi Gülşat Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, öňde boljak şanly seneleri ýokary derejede dabaralandyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow, ilki bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi. Şeýle hem ol Koreýa Respublikasynda geçirilýän Halkara ykdysady forumda Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümçilik binalarynyň mümkinçiliklerini görkezmäge döredilen şertler üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.
Derýageldi Orazow häzirki wagtda Arkadag şäherinde alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak, gurluşyk işlerini ýokary hil derejesinde alyp barmak, desgalaryň bellenilen möhletlerde ulanmaga berilmegini üpjün etmek ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýlandygy barada giňişleýin maglumat berdi.
Gahryman Arkadagymyz gurluşyk işlerinde milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmalydygyny aýdyp, durmuş maksatly binalaryň enjamlaşdyrylyşyna döwrüň talaplaryna we ýokary halkara görkezijilere laýyklykda çemeleşilmelidigini nygtady. Aýratyn-da, desgalaryň bezeg işlerinde, olaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmakda degişli ugurlar boýunça bilim alýan talyplaryň we ýaş mugallymlaryň pikirleri öwrenilmelidir. Arkadag şäheriniň durmuş, önümçilik maksatly binalar toplumynyň gurluşyklarynyň kesgitlenen möhletlerde tamamlanmagy we ähli desgalaryň ýokary hil derejesinde ulanmaga berilmegi möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenendir. Bu barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy özüniň köpýyllyk tejribesine esaslanýan maslahatlaryny berdi.
Arkadag şäheriniň häkimi Gülşat Mämmedowa bu ýerde öňde boljak şanly seneleri ýokary derejede dabaralandyrmak ugrunda ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleri barada giňişleýin maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli birnäçe maşgalalary täze şäheriň çäklerinde bina edilen ýaşaýyş jaýlaryna göçürip getirmek meýilleşdirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri milli senenamamyzda möhüm orny eýeleýän şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň hormatyna guralýan dabaralarda zähmetsöýer halkymyzyň belent ruhunyň, bagtyýarlygynyň, ýurdumyzyň abadançylygynyň öz beýanyny tapmalydygyny belledi we baýramçylyk dabaralarynyň taryhy ähmiýetli wakalar bilen beslenmegini üpjün etmek babatda öz maslahatlaryny berdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine, halkymyzyň saglygyny goramak wezipelerine uly ähmiýet berilýändigini aýtdy. Şunda hereket edýän köpugurly sport toplumlarynyň, stadionlaryň talabalaýyk saklanmagyna, olaryň netijeli peýdalanylmagyna möhüm orun degişlidir. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Gahryman Arkadagymyz häzirki döwürde «Arkadag» futbol toparynyň halkara sport giňişliginde uly üstünlikleri gazanýandygyny belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri ýöne toparyň türgenleşik geçýän we halkara derejeli bäsleşikleri guraýan stadionynyň häzirki ýagdaýynyň talabalaýyk däldigini aýdyp, onuň derejesine nägilelik bildirdi. Munuň özi Arkadag şäheriniň Bedenterbiýe we sport müdirliginiň, «Arkadag» stadionynyň ýolbaşçysynyň, galyberse-de, Arkadag şäher häkimliginiň sazlaşykly işiniň ýola goýulmaýandygynyň netijesidir. Gahryman Arkadagymyz stadiona ýokary derejede ideg edilmese, degişli ýolbaşçylara berk çäre görüljekdigini ýatlatdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ähli meýilleşdirilen çäreleriň we kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belläp, iş maslahatyny jemledi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz bu ýerden «Arkadagyň ruhy metjidi» diýlip atlandyrylýan metjidiň gurluşygynyň batly depginde dowam edýän ýerine geldi. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadagyň ruhy metjidiniň baş ymamy Ý.Hojagulyýew mähirli garşylady.
Bu ýerde hajy Arkadagymyzyň garamagyna Arkadag şäheriniň 30 müň adama niýetlenen metjidiniň ýanynda gurulýan medresäniň okuw otaglaryna, olaryň enjamlaşdyrylyşyna, bu ýerde bilim aljak ýaşlaryň öwrediljek dersleri doly derejede özleşdirmekleri üçin dörediljek şertlere degişli şekil taslamalary görkezildi. Täze metjidiň baş ymamy gurulýan medresäniň amatlyklary we onuň enjamlaşdyrylyşy barada döwlet derejesinde alada edilýändigi üçin hajy Arkadagymyza hem-de Arkadagly hajy Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýtdy we bu ýerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gurluşykda ulanylýan serişdeleriň görnüşleri barada giňişleýin maglumat berdi. Ymam sözüniň dowamynda dünýäniň dürli ýurtlarynda bolup, medresäniň gurluşygy, onuň otaglarynyň enjamlaşdyrylyşy babatda häzirki zaman tejribesiniň özleşdirilendigini nygtady we bu işleri öwrenmek babatda döredilen şertler üçin hoşallygyny beýan etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri görkezilýän şekil taslamalary bilen içgin tanşyp, medresäniň otaglaryny enjamlaşdyrmak, talyplaryň dersleri özleşdirmekleri üçin zerur şertleri üpjün etmek babatda dünýäniň ösen tejribesiniň we ugurdaş düzümleriň işiniň ýokary derejede öwrenilmelidigine ünsi çekdi. Munuň özi bu ýerde alnyp barylýan işleriň yslam dünýäsinde ykrar edilen kadalara laýyk gelmeginde ähmiýetlidir.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow medresäniň binalar toplumynda talyplaryň bilimleri ýokary derejede özleşdirmekleri, olaryň oňaýly dynç almagy, ýaşamagy üçin ähli zerur şertleri döretmegiň göz öňünde tutulýandygyny habar berdi. Hajy Arkadagymyz bina edilýän medresäniň ýokary okuw mekdebiniň derejesine laýyk gelýändigini aýtdy we dünýäniň dürli ýurtlarynda şunuň ýaly ýokary okuw mekdepleriniň hereket edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde gurulýan bu binanyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, onda öwrediljek sapaklary özleşdirmekde dünýä tejribesinden ugur almak babatda maslahatlaryny berdi.
Gahryman Arkadagymyz bu ugurdaky işleri has-da kämilleşdirmek, ony halkara görkezijilere laýyk derejede alyp barmak ugrunda degişli düzümler bilen sazlaşykly işleriň ýola goýulmalydygyny aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow kesgitlenen wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.







