GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistan halkara maýadarlara energetika pudagyny ösdürmegiň mümkinçiliklerini hödürlär
14.09.2026

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT-2026» 31-nji halkara maslahatynyň çäklerinde «Garaýyşdan maýa goýuma çenli: Türkmenistanyň energetika pudagynyň ösüş mümkinçiliklerini açmak» atly strategik plenar mejlis geçiriler. Ministrler, şeýle-de milli we halkara energetika kompaniýalarynyň ýokary derejeli ýolbaşçylary Türkmenistanyň energetika pudagyndaky uzak möhletleýin maksatlaryny anyk maýa goýumlaryna, taslamalara, tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna we uzak möhletleýin täjirçilik hyzmatdaşlygyna öwürmegiň mümkinçiliklerine bilelikde gararlar.

Bu mejlis maslahatyň açylyş plenar mejlisinde kesgitlenen strategik ugurlary dowam etdirer. Gatnaşyjylar şeýle hem halkara hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň energetika pudagynyň durnukly ösüşini gymmatlyk döretmegiň tutuş zynjyry boýunça nähili çaltlandyryp biljekdigini ara alyp maslahatlaşarlar.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistandaky iri maýa goýum mümkinçilikleri, tebigy gazy ösdürmek we geljekki bazarlar, infrastruktura we sebitleýin energetika baglanyşygy, tehnologiýalar, sanlylaşdyrmak we innowasiýalar, halkara maýa goýumlary we taslama hyzmatdaşlygy, durnukly ösüş hem-de iş netijeliligini ýokarlandyrmak, şeýle hem strategik hyzmatdaşlyk arkaly uzak möhletleýin gymmatlyk döretmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.

Esasy çykyşy Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew eder. Şeýle hem mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) prezidenti Röwşen Najaf, CNPC International Turkmenistan kompaniýasynyň baş direktory Du Ýumin, BOTAŞ kompaniýasynyň baş direktory Abdulwahit Fidan, PETRONAS kompaniýasynyň halkara aktiwleri boýunça wise-prezidenti Mohd Redhani bin Abdul Rahman, XRG (ADNOC) kompaniýasynyň işewürligi ösdürmek boýunça direktory Abdulla Al-Şamsi we Bütindünýä gaz merkeziniň ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro gatnaşarlar.

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT-2026» 31-nji halkara maslahaty we sergisi 21-23-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda geçiriler.