GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Prezidenti buraw işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen taýýarlanan teklibi makullady
12.09.2026

11-nji sentýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer Guwanç Agajanow «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, nebitgaz känlerini netijeli özleşdirmegiň hasabyna nebitiň we tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmak maksady bilen, konsern tarapyndan degişli çäreler görülýär. Şunda häzirki zaman tehnologiýalarynyň ulanylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz känlerini netijeli özleşdirmek, çig nebitiň we tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz buraw işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýer Guwanç Agajanowa bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.