GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi
12.09.2026

11-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisde döredilen iş toparlarynda «Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň döwlet belligine alynmagy hakynda», «Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak, şeýle hem «Kärende hakynda», «Paýdarlar jemgyýetleri hakynda», «Neşirýat işi hakynda», «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda» hereket edýän kanunçylyk namalaryna döwrebap üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine gowy taýýarlyk görmek ugrunda degişli işler geçirilýär. Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak maksady bilen, Özbegistan Respublikasynyň Samarkant we Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherlerinde iş saparynda bolandyklary barada maglumat berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň hukuk binýadyny berkitmek, kanunçylyk işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Soňra ozal berilen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi we geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary hasabat berdiler. Wise-premýerler Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleri hem hödürlediler. Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabatlary diňledi we hödürlenen teklipleri makullap, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.