11-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça döwlet ministri Kenji Ýamadany kabul etdi.
Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça döwlet ministri Kenji Ýamada duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Ýaponiýada Türkmenistan bilen köpugurly gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň, Premýer-ministri Sanae Takaitiniň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny ýetirdi. Şeýle-de Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça döwlet ministri Türkmenistanyň Prezidentiniň «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammitine, Osaka şäherinde geçirilen «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisine gatnaşmak üçin Ýaponiýa amala aşyran saparlarynyň ähmiýetini belledi. Myhman Bütindünýä sergisinde ilkinji bolup Türkmenistanyň Milli gününiň geçirilmeginiň sergide ýurdumyza uly gyzyklanma döredendigini aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Ýaponiýanyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça döwlet ministri Kenji Ýamadanyň şu saparynyň dowamynda geçirjek duşuşyklarynyň netijeleriniň türkmen-ýapon ykdysady gatnaşyklarynyň ösdürilmegine möhüm goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýär. Ikitaraplaýyn gatnaşyklar köpugurly häsiýete eýe bolup, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlary öz içine alýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz syýasy-diplomatik gatnaşyklar barada aýdyp, soňky ýyllarda ýokary derejede amala aşyrylýan özara saparlaryň bu ugurdaky hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam berýändigini nygtady. Bu gatnaşyklar diňe bir ikitaraplaýyn esasda däl, eýsem, köptaraplaýyn görnüşde, ýagny «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň çäklerinde hem üstünlikli ösdürilýär.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolup durýar. Ol ýokary tehnologiýalar, maýa goýumlar ugurlaryndaky hyzmatdaşlyga, umumy strategik maksatlara esaslanyp, iki ýurduň milli bähbitlerine laýyklykda çalt depginde ösdürilýär. Türkmenistanda ulag, gazhimiýa, agrosenagat ulgamlarynda iri taslamalary durmuşa geçirmekde Ýaponiýanyň öňdebaryjy kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmegiň baý tejribesi toplandy.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda Ýaponiýanyň innowasion tehnologiýalarda hem-de döwrebap inženerçilik ugurlarynda toplan baý tejribesine ýokary baha berilýändigini, ykdysadyýet, söwda we senagat ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge uly gyzyklanma bildirilýändigini aýdyp, özara gatnaşyklary ösdürmek üçin amatly şertleriň bardygyna ünsi çekdi.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça döwlet ministri Kenji Ýamada däp bolan dostlukly türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň hem-de netijeli hyzmatdaşlygyň iki ýurduň we olaryň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça döwlet ministri Kenji Ýamada Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen hem duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we ony ösdürmegiň geljegi uly ugurlaryny, ilkinji nobatda, söwda-ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.







