GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenbaşyda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler
10.09.2026

Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde işe ýerleşmek isleýän raýatlar üçin boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler. Türkmenbaşy şäheriniň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň habar bermegine görä, çäre 2026-njy ýylyň 18-nji sentýabrynda sagat 10:00-dan 12:00-a çenli geçiriler. Onda şäheriň çäginde hereket edýän kärhanalar, edaralar, guramalar hem-de hususy telekeçiler bar bolan boş iş orunlaryny ilata tanyşdyrarlar.

Guramaçylar iş berijilerden boş iş orunlary baradaky maglumatlar bilen birlikde öz wekilleriniň çärä gatnaşmagyny üpjün etmegi haýyş edýärler. Işe ýerleşmek isleýän raýatlar bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, bar bolan halatynda zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen gatnaşyp bilerler.

Boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport toplumynda geçiriler. Habarlaşmak üçin telefonlar: (+993 243) 6-06-95, 5-00-94.