Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara Gutlag iberdi.
Döwlet Baştutanymyz olara bedew batly ösüşleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýan döwletli Diýarymyzyň, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent waspyna öwrülen şirin owazly aýdym-sazlary ýerine ýetirmekde döredijilik rowaçlyklaryny arzuw etdi.
Gutlagda bellenilişi ýaly, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda uly ösüşler gazanylýar, belent sepgitlere ýetilýär. Häzirki döwürde Watanymyzyň halkara abraýy barha belende göterilip, halkara bileleşikde öňe sürýän asylly başlangyçlary dünýä ýüzünde giň goldawa eýe bolýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramyny täze zähmet sowgatlary bilen garşylaýan bagtyýar raýatlarymyzyň kalbynda Watanymyza söýgi, ajaýyp zamanamyza buýsanç duýgulary has-da joşýar. Berkarar döwletimizi syýasy, ykdysady taýdan ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen iri möçberli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.
««Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabynda: «Aýdym-saz sungaty biziň halkymyzyň durmuşynda hemme döwürlerde-de aýratyn hormat-sylaga mynasyp bolupdyr» diýip belleýär. Hormatly Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, agzybir halkymyz aýdym-saz sungatyny hemişe sarpalan, söýen halkdyr. Türkmen halky ençeme asyrlyk şöhratly taryhynda aýdym-saz sungatyna kalbynyň töründen orun beripdir, joşgunly aýdym-sazlary ýaşaýyş-durmuş ýörelgeleriniň aýrylmaz bölegine öwrüpdir. Ussat bagşy-sazandalarymyzyň ýerine ýetirýän joşgunly aýdym-sazlary türkmen topragynda tutulýan toýlaryň dabarasyny has-da artdyrypdyr. Merdana ata-babalarymyz sungatyň synmaz güýjüniň üsti bilen parahatçylyk, dost-doganlyk, ynsanperwer ýörelgelerini dabaralandyrypdyrlar» diýip, Gutlagda aýdylýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen aýdym-saz sungatynyň ösmeginde uly hyzmatlary bitiren meşhur sungat ussatlarynyň goşan goşandyny ýatlady. Hojaw Annadurdyýewiň «Balykçynyň aýdymy», Aýdogdy Gurbanowyň «Aýna», Ata Ilamanowyň «Çap, atym!», Annaberdi Atdanowyň «Duran ýerlere», Öwezgeldi Tekäýewiň «Ýyllar ýatyr aramyzda», Mämi Çaryýewiň «Ülkämiň toý saçagynda», Saparmyrat Babaýewiň «Gözleriň», Muhammet Hallyýewiň «Halyçy gözel», Gurbansoltan Nurýagdyýewanyň «Bilbil nämä saýraýar?», Gurbannazar Hojagulyýewiň «Ýatlama», Gurban Gummanowyň «Boýlaryňa», Nurýagdy Tokgaýewiň «Aý dogan çagy», Rejepmuhammet Ulugowyň «Ak maýa gerek», Täçmuhammet Hajyýewiň «Gyzlaryň», Atabaý Çarygulyýewiň «Şadyýan gözel» ýaly aýdymlary halkyň kalbynda baky orun aldy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, sungat äleminde özboluşly ýol goýan ussatlaryň döredijilik mirasy nusgalyk mekdepdir.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýdymçy ýaşlaryň sungat äleminde öz orunlaryny tapjakdyklaryna, milli sungatymyzyň bütin dünýädäki meşhurlygynyň artmagyna goşantlaryny goşjakdyklaryna berk ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, döredijilik äleminde uly üstünlikleri arzuw etdi.







