GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistan we Fransiýa Respublikasy energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeldýär
10.09.2026

9-njy sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Alena Grandy kabul etdi. Ol Arkadagly Gahryman Serdarymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Fransiýada oňyn Bitaraplyk we parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny üstünlikli durmuşa geçirýän Bitarap Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makronyň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makrona iň gowy arzuwlaryny beýan edip, hanym Alena Grandy Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenilmegi bilen gutlady hem-de oňa bu jogapkärli diplomatik wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Fransiýa Respublikasy Türkmenistanyň Ýewropadaky esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistan söwda-ykdysady, energetika, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Söhbetdeşler Türkmenistanyň hem-de Fransiýanyň diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, halkara düzümleriň çäklerinde-de üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändiklerini kanagatlanma bilen bellediler. Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalaryň çäklerindäki özara gatnaşyklar munuň aýdyň mysalydyr.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen-fransuz gatnaşyklarynyň özara ynanyşmak, hormat goýmak we açyklyk ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýändigini belledi. Ol diňe bir döwletara derejede çäklenmän, eýsem, iki ýurduň hususy pudaklarynyň ugry boýunça hem işjeň ösdürilýär. Özara ynanyşmagyň gazanylan ýokary derejesi söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek babatda täze gözýetimleri açýar. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanyň energetika, ulag-logistika infrastrukturasy, ylym, medeniýet ýaly ugurlarda täze başlangyçlary bilelikde durmuşa geçirmäge taýýardygyny aýtdy.

Medeni-ynsanperwer ulgam türkmen-fransuz gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, medeniýetleriň özara baýlaşdyrylmagynyň dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berýändigi nygtaldy.

Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Alena Grand Bitarap Türkmenistanda diplomatik wezipäni ýerine ýetirmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýdyp, iki ýurduň halklarynyň bähbidine döwletara hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.