Niderlandlar Patyşalygyna saparyny tamamlap, Gahryman Arkadagymyz Aşgabadyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar.
Ýurdumyzyň Hökümet agzalary Gahryman Arkadagymyzy Niderlandlar Patyşalygyna amala aşyran saparynyň üstünlikli geçmegi hem-de Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň “Atçylygy ösdürmäge goşan uly goşandy üçin” atly baýragy we degişli Kubok bilen sylaglanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ahalteke atlarynyň halkymyzyň dünýä beren gymmatlygydygyny belledi hem-de atşynaslyk sungatyny geljekki nesillere ýetirmek ugrunda ylmy nukdaýnazardan çemeleşmegiň möhümdigini aýtdy we özüniň birnäçe maslahatlaryny berdi.
Şeýlelikde, Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionaty türkmen halkynyň milli gymmatlygy bolan behişdi ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny, atşynaslyk sungatymyzy Ýer ýüzünde dabaralandyrmak boýunça Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlarynyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde durmuşa geçirilýän işleriň taryhy üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy.







