Niderlandlar Patyşalygynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisi geçirildi. Mejlise Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň gatnaşmagy onuň ähmiýetini artdyrdy.
Ilki bilen, Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy hanym Marian Weltewreden çykyş edip, Gahryman Arkadagymyzy we mejlise gatnaşyjylary mähirli mübärekledi hem-de mejlisi açyk diýip yglan etdi.
Marian Weltewreden çäräniň möhüm ähmiýetini belläp, taryhda ilkinji gezek ahalteke atlarynyň gözelligi boýunça dünýä çempionatynyň Ýewropada geçirilendigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, ilkinji gezek atşynaslar, alymlar we çapyksuwarlar iň owadan aty bilelikde, bir meýdançada yglan etmek üçin dünýäniň çar künjeginden — Türkmenistandan, Merkezi Aziýa döwletlerinden, Ýewropa we Amerika ýurtlaryndan bir ýere ýygnandylar. Şeýle hem Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisi ilkinji gezek Ýewropada geçirildi.
Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2010-njy ýylda Aşgabatda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy döredildi. Şeýle hem Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda halkara derejeli atçylyk sport toplumlary, Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi, Arkadag şäherinde bolsa tutuş Merkezi Aziýada genetika we molekulýar biologiýa ylymlarynyň tohumyň arassalygyna hyzmat edýän bu ugur boýunça ilkinji ýokary okuw mekdebi bolan Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bina edildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary döredildi. Topar 2025-nji ýylda Monte-Karloda geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynyň Baş baýragyna mynasyp boldy.
Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaplary daşary ýurtly atşynaslar üçin hem hakyky okuw gollanmasyna öwrüldi. 2023-nji ýylyň dekabr aýynda bolsa ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.
Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Marian Weltewreden ahalteke atlarynyň bütin dünýäde şöhratynyň artdyrylmagynda Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlarynyň uly ähmiýete eýedigini belläp, çykyş etmek üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza hormat bilen söz berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri mejlise gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, türkmen tarapynyň Niderlandlara — şu ajaýyp şähere halkymyzyň hoşniýetli arzuw-umytlary bilen, ahalteke bedewleriniň watany bolan Türkmenistanyň kalbynyň bir bölegini alyp gelendigini belledi.
Gahryman Arkadagymyz Niderlandlaryň Patyşasy Willem-Aleksandra we onuň maşgala agzalaryna hem-de Niderlandlaryň ähli halkyna myhmansöýerligi we mähirli kabul edendigi üçin iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Premýer-ministr Rob Ýettene Türkmenistan bilen dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam berýändigi üçin minnetdarlyk bildirip, häzirki mejlisiň we atçylyk sporty boýunça dünýä çempionatynyň hem-de ahalteke bedewleriniň arasyndaky gözellik bäsleşiginiň munuň aýdyň mysaly bolup durýandygyny belledi hem-de bu çärä ýokary derejede taýýarlyk görendikleri, türkmen tarapy bilen bu ugurda ysnyşykly hyzmatdaşlygy üçin onuň guramaçylaryna aýratyn minnetdarlyk bildirdi.
«Bu gün biziň ählimiz örän ajaýyp wakanyň şaýatlary bolup durýarys. Birnäçe günläp Kronenberg şäheri ahalteke atçylygynyň bütindünýä paýtagtyna öwrüldi. Bu wakalar ahalteke atlary boýunça ähli ussatlaryň, olary ýetişdirýänleriň, barlagçylaryň we hünärmenleriň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, halkara bileleşikleriň üns merkezinde boldy» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz dünýäde bu atlara uly hormat goýýan şeýle adamlaryň köpdügini bilýändigini, olaryň Aziýanyň, Ýewropanyň, Demirgazyk we Günorta Amerikanyň onlarça ýurduny öz içine alýandygyny, olaryň ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek hem-de kämilleşdirmek boýunça köp sanly möhüm işleri alyp barýandyklaryny, bedewleriň şöhratly taryhyny, ajaýyp başarnyklaryny ýaýmakda ýardam berýändiklerini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň halkynyň adyndan türkmen tarapynyň bütin dünýädäki dostlaryna hem-de pikirdeşlerine tüýs ýürekden minnetdarlygyny beýan etdi.
«Ahalteke atlarynyň kemala gelen we şöhraty dünýä dolan döwleti, jemgyýeti, topragy hökmünde biz egnimize düşýän uly jogapkärçilige düşünýäris. Ahalteke aty türkmeniň kalbydyr. Halk, ýurt hökmünde taryhymyzyň, aň-düşünjämiziň aýrylmaz bölegidir. Türkmenistan Garaşsyzlyga eýe bolandan soňra ahalteke atlarynyň arassa tohumlaryny dikeltmek we ösdürmek işinde biz, ozaly bilen, ata-babalarymyzyň köpasyrlyk däplerine, tejribesine daýandyk» diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi. Bellenilişi ýaly, esasy döwlet nyşanymyz bolan Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň merkezinde ahalteke bedewiniň şekili ýerleşdirildi. Ahalteke atlarynda ylmy-barlag işleri geçirildi, olaryň saglygyna we ösüşine gözegçilik etmegiň ulgamy döredildi. Ylmy taýdan esaslandyrylan seçgi işi ýola goýuldy. Munuň özi diňe bir örän möhüm döwlet işi bolman, eýsem, halkymyzyň öz taryhynyň öňündäki borjudyr, ýurdumyzyň geljekki ösüşi, öňe gitmegi we halkara hyzmatdaşlygy üçin berk binýadyň bir bölegidir.
Gahryman Arkadagymyz soňky ýyllarda Türkmenistanda ahalteke atçylygy ulgamynda uly işleriň ýerine ýetirilendigini aýdyp, şunuň bilen baglylykda, birnäçe mysallary getirdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda häzirki zaman atçylyk sport toplumlary gurlup ulanmaga berildi. Aşgabat şäherindäki Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy dünýä derejeli we ähmiýetli ylmy-tejribe merkezine öwrüldi; atlaryň arassa ganlylygyna berk gözegçilik etmek üçin, öňdebaryjy DNK-testlemek usuly ornaşdyryldy. Elektron maglumat binýady döredildi; ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy öz işini yzygiderli ösdürýär. Ol dünýäniň onlarça ýurdundan atşynaslary özünde birleşdirýär; ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi möhüm waka boldy; 2012-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzda milli baýram hökmünde bellenilýän Türkmen bedewiniň gününe bagyşlap her ýyl «Ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini geçirmek hakynda» Karara gol çekdi. Şeýle hem döredijilik işgärleriniň arasynda ahalteke bedewleriniň gözelligini çeper beýan etmek boýunça bäsleşik yglan edildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri munuň bu ugurda edilen we edilýän işleriň hemmesi däldigini, umuman, ahalteke atlaryny gorap saklamak we ösdürip ýetişdirmek işiniň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrülendigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, ahalteke atçylygy boýunça halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek we ösdürmek Türkmenistanyň strategiýasynyň örän möhüm, düýpli ugry bolup durýar.
Şu günki mejlise dünýäniň onlarça döwletine wekilçilik edýän, ahalteke atlarynyň köp sanly assosiasiýalarynyň wekilleri ýygnandy. Şunuň bilen baglylykda, muňa giň möçberli halkara waka diýmek bolar. Bu gatnaşyklar has-da berkeýär, täze gatnaşyklar we görnüşler bilen baýlaşýar. Ahalteke bedewleri dürli milletlerden bolan dürli hünärdäki, dürli ýaşdaky adamlary birleşdirýär. Öňde goýlan maksatlara tarap bilelikde gitmäge çagyrýar. Ahalteke atlary wepalylygyň, gözelligiň, akyl-paýhasyň we gaýduwsyzlygyň nusgasydyr. Bularyň ählisi hemme halklara ýakyn we düşnüklidir.
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy giňden makullaýandygyny we goldaýandygyny aýdyp, ýurdumyzyň ahalteke bedewlerine, atly sport ýaryşlaryna bagyşlanan dürli çäreleri geçirmäge öz goşandyny goşmaga, ýöriteleşdirilen ylmy-barlag işine ýardam bermäge we ýakyndan gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady.
“Biziň bu ýolda uly üstünlikleri gazanandygymyzy aýtmak isleýärin. Ahalteke bedewleriniň giň gerimli milli hem-de halkara çärelere gatnaşmagy ýokary baha mynasyp boldy. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Şol Karara laýyklykda, 2026-njy ýylda Ahalteke atlarynyň arasynda geçiriljek gözellik we atly sport bäsleşikleri boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk görmek boýunça Guramaçylyk döwlet topary döredildi hem-de onuň düzümi tassyklandy. Bu bolsa Türkmenistanyň halkara işini mundan beýläk-de ösdürmekde we pugtalandyrmakda möhüm ädim boldy” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy hem-de şu ýylyň ýanwarynda Monte-Karloda geçirilen nobatdaky halkara sirk festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasynyň hem-de Ýewropanyň Sirk assosiasiýasynyň halkara güwänamalarynyň gowşurylmagynyň ajaýyp waka bolandygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, ýylyň adyna bagyşlanan çäreleriň çäklerinde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary guraldy. «Galkynyş» toparynyň şu ýylyň mart aýynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherindäki täsirli çykyşy hakyky dostlugyň we sungatyň baýramçylygyna öwrüldi, ol türkmen atçylygynyň baý däplerini görkezdi. Behişdi bedewler we olaryň çapyksuwarlary maý aýynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen atçylyk sporty boýunça ýaryşda we «Gündogaryň merjeni» gözellik bäsleşiginde üstünlikli çykyş etdiler. «Aziýanyň çempiony» we «Dünýä çempiony» diýen hormatly atlara, şeýle hem beýleki baýraklara mynasyp boldular. Şol aýda Kazanda geçirilen halkara ýaryşda hem türkmen çapyksuwarlary baýrakly orunlary, kuboklary eýelemegi başardylar. Ahalteke atlarynyň hormatyna döredilen ýörite baýraklara mynasyp bolup, öz gaýtalanmajak ussatlygyny görkezdiler.
Şunuň bilen bir hatarda, Gahryman Arkadagymyz türkmen wekiliýetiniň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Windzor galasynyň çäklerinde geçirilen atly çärelere gatnaşandygyny belläp, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň VIII Halkara etnosport we medeniýet festiwalyna gatnaşmagynyň şu ýylyň ýylýazgysyna giren ýene-de bir şanly waka bolandygyny, Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilen bu çärede «Galkynyş» toparynyň ýokary baýraklara mynasyp bolandygyny we bu çäreleriň dowamynda türkmen wekiliýetiniň öz kärdeşleri bilen birnäçe möhüm duşuşyklarynyň geçirilendigini aýtdy.
«Biz bütin dünýäde ahalteke atçylyk assosiasiýalary bilen gatnaşyklary tutanýerli we belli bir maksat bilen berkidýäris. Şeýlelik bilen, 2026-njy ýylda yglan edilen döwlet şygaryny — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny üstünlikli durmuşa geçirýäris» diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy hem-de ýurdumyzyň geljekde hem öňde goýlan ähli maksatlary we wezipeleri ýerine ýetirmäge taýýardygyny tassyklady. Bellenilişi ýaly, bu ugurda Türkmenistanyň dünýäniň dürli ýurtlarynda köp sanly dostlarynyň, hyzmatdaşlarynyň we pikirdeşleriniň, şol sanda şu mejlise gatnaşýanlaryň goldawyny we ýardamyny duýýandygy guwandyryjydyr.
2026-njy ýylda atly sport boýunça dünýä çempionaty we ahalteke atlarynyň arasyndaky gözellik bäsleşigi Ýewropa giňişliginde ahalteke bedewleriniň halkara abraýyny we şan-şöhratyny artdyrmakda esasy waka bolup durýar. Ol bolsa Ýewropanyň iň abraýly atly sport merkezleriniň biri bolan Kronenbergde geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz mejlise gatnaşyjylary bu çäreleriň başlanmagy we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň häzirki açyk mejlisiniň geçirilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, halkara derejede giň we wekilçilikli düzümiň gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de türkmen tarapynyň muny dünýä ahalteke bedewlerini sowgat beren Türkmenistana, halkymyzyň gadymy, baý hem-de özboluşly taryhyna we medeniýetine goýulýan hormat hökmünde kabul edýändigini aýtdy.
Gahryman Arkadagymyz çykyşynyň ahyrynda hemmelere berk jan saglygyny, alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.
Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Marian Weltewreden çuň manyly we mazmunly çykyşy üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, açyk mejlisi alyp barmagy haýyş etdi.
Gahryman Arkadagymyz Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysyna minnetdarlyk bildirip, mejlisi alyp barmak bilen, çykyş etmek üçin Niderlandlar Patyşalygynyň Komissary — Limburg welaýatynyň gubernatory Emil Roemere söz berdi.
Emil Roemer Milli Liderimizi we açyk mejlise gatnaşyjylary Limburg welaýatynda mähirli mübärekläp, ahalteke atlarynyň arasynda gözellik we atly sport boýunça bäsleşikleriň bu ýerde geçirilmeginiň uly ähmiýete eýedigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, atlar Limburgyň aýrylmaz bölegidir. Atşynaslaryň, çapyksuwarlaryň we atlaryň muşdaklarynyň jemlenen bu ýeri halkara derejeli atçylyk sportunyň merkezine öwrüldi. Türkmenistanyň bu ýerden birnäçe müň kilometr uzakda ýerleşýändigine garamazdan, şu gün Kronenbergde iki halkyň atçylyk bilen bagly medeniýeti, däpleri we tejribesi, atlara bolan çuňňur söýgüsi we atly sporta goýýan sarpasy birleşýär. Çykyşynyň ahyrynda Niderlandlar Patyşalygynyň Komissary — Limburg welaýatynyň gubernatory Emil Roemer çäreleriň dünýäniň atşynaslarynda ýakymly täsir galdyrjakdygyny aýtdy.
Gahryman Arkadagymyz manyly çykyşy üçin Emil Roemere minnetdarlyk bildirip, atlaryň ýurtlary we halklary has-da ýakynlaşdyrýandygyny aýtdy hem-de dünýäde ilkinji gezek geçirilen Ahalteke bedewleriniň dünýä çempionatyny «Pilbergen» atçylyk-sport toplumynda geçirmäge döredilen mümkinçilikler üçin niderlandlar tarapyna minnetdarlygyny beýan edip, ahalteke bedewleriniň üsti bilen iki ýurduň arasynda beýleki ugurlar boýunça gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygynyň Döwlet ministri Ýan Peter Balkenendene söz berdi.
Döwlet ministri Gahryman Arkadagymyzy we açyk mejlise gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, Türkmenistanyň baý atçylyk däplerine we ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewlerine bagyşlanan dabarada çykyş etmegiň özi üçin uly mertebedigini belledi hem-de dünýäde atlary öz milli gymmatlygy hökmünde ykrar eden ýurtlaryň örän seýrekdigini, Türkmenistanda atlara şeýle çemeleşmäniň taryhy taýdan özboluşly ýagdaýdygyny aýtdy.
«Ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynyň çäklerinde biz Türkmenistanyň gadymy däpleri, taryhy, milli mirasy hem-de halkara dostlugyň we birek-birege sarpa goýmagyň köprüsine öwrülen ajaýyp dessurlary bilen tanşarys» diýip, Niderlandlar Patyşalygynyň Döwlet ministri sözüni dowam etdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda bolşy kimin, Niderlandlarda hem atlara uly sarpa goýulýar. Ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynyň Ýewropada ilkinji gezek Niderlandlar Patyşalygynda geçirilmegi hem ýurduň halkyny diýseň buýsandyrýar.
Türkmen medeniýetinde bolşy ýaly, beýleki medeniýetlerde hem atlar diňe bir güýji we tizligi alamatlandyrman, ol gözelligiň, milli buýsanjyň we mertebäniň hem nyşanydyr. Atlar asyrlaryň dowamynda adamzat taryhynyň aýrylmaz bölegi bolupdyr. Olar syýahatçylaryň, alymlaryň esasy ulag serişdesi hökmünde medeniýetleri baýlaşdyrmaga, halklary birleşdirmäge we abadançylygy döretmäge goşant goşupdyrlar, söwda ýollarynyň hereket etmeginde möhüm orny eýeläpdirler.
Türkmenistan hemişe söwda ýollarynyň merkezinde bolupdyr. Geçen asyrlarda hem, häzirki döwürde hem Türkmenistan Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky möhüm merkez bolmagynda galýar. Söwda ýollarynyň uzak aralyklardaky ykdysadyýetleri birleşdirişi ýaly, sport hem halklary bir ýere jemleýär. Şu gün bu ýerde geçirilen bäsleşikler bizi has-da ýakynlaşdyrýar. Bu çäreleriň ähmiýeti diňe bir sport bilen çäklenmeýär. Olarda adamzadyň asylly häsiýetleri bilen bir hatarda, tebigata söýgi hem öz beýanyny tapýar diýip, Ýan Peter Balkenenden nygtady.
Çykyşynyň ahyrynda Niderlandlar Patyşalygynyň Döwlet ministri ýurduň döwletara gatnaşyklary ösdürmäge we medeniýetara alyşmalary işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändigini belläp, medeni we sport çäreleriniň halklary hem-de ýurtlary özara ýakynlaşdyrmaga uly goşant goşýandygyny aýtdy.
Gahryman Arkadagymyz ahalteke atlaryna ýokary baha berendigi hem-de bu dünýä çempionatyny geçirmäge döredilen mümkinçilik üçin niderlandlar tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Gahryman Arkadagymyz halkymyzda “Irden tur-da ataňy gör, ataňdan soň — atyňy», «At — myrat» diýen pähimleriň bardygyny aýdyp, atşynaslyk medeniýetiniň halklaryň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berýändigini belledi.
Gahryman Arkadagymyz ata-babalarymyzyň ýol çekmek, köpri gurmak ýaly asylly däpleriniň bardygyny aýdyp, bu asylly işleriň ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ähmiýetini belledi we çykyşy üçin Döwlet ministrine minnetdarlyk bildirdi.
Milli Liderimiz soňra Ýewropa we Demirgazyk Amerika ÝUNESKO klublarynyň we assosiasiýalarynyň federasiýasynyň ýolbaşçysy Ioannis Maronitise söz berdi. Ol Kronenbergde bolmagyň hem-de bu möhüm çärä gatnaşmagyň özi üçin mertebedigini belläp, halkara hyzmatdaşlygyň, medeni dialogyň we umumadamzat gymmatlyklaryna sarpanyň aýdyň beýany bolan bu çäräniň geçirilmegi ugrunda döredilen mümkinçilikler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Ioannis Maronitis çykyşynda Aleksandr Makedonskiniň taryhy ýörişlerinde ýoldaşy bolan meşhur Busefal atly aty barada belläp, gadymy rowaýatlara görä, Busefalyň örän güýçli hem-de boýun egmezek at bolandygyny, ýöne Aleksandr Makedonskiniň onuň ynamyny gazanmagy başarandygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, Busefalyň taryhy bize uly sapak berýär: hakyky güýç agalyk etmekde däl, eýsem, düşünişmekdedir. At bilen bolan gatnaşyk diňe hormat, söýgi we ynam esasynda guralýar.
Bu gadymy grek taryhy ajaýyp ahalteke bedewleriniň watany bolan Türkmenistan bilen berk köprini döredýär. Ahalteke bedewi gözelligiň, çydamlylygyň, batyrlygyň we milli buýsanjyň nyşanydyr. Ol diňe bir at däl, eýsem, türkmen halkynyň taryhynyň, ruhunyň we ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidir.
Gresiýanyň we Türkmenistanyň halklarynyň dilleri hem-de däp-dessurlary dürli hem bolsa, iki halky birleşdirýän bir umumy dil bar — ol hem atçylyk medeniýetidir. Atlar Gresiýa bilen Türkmenistanyň, Gündogar bilen Günbataryň, geçmiş bilen geljegiň arasyndaky iň gözel köprüleriň biridir.
Ýewropa we Demirgazyk Amerika ÝUNESKO klublarynyň we assosiasiýalarynyň federasiýasynyň ýolbaşçysy çykyşynyň ahyrynda Gresiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlugyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyny, şeýle hem bäsleşiklere gatnaşyjylara üstünlikleri arzuw edip, şeýle giň gerimli çärä gatnaşmaga çakylyk üçin Gahryman Arkadagymyza ýene bir gezek hoşallygyny beýan etdi.
Milli Liderimiz manyly çykyşy üçin Ioannis Maronitise minnetdarlyk bildirdi hem-de ÝUNESKO-nyň ahalteke atlary bilen bagly alyp barýan işiniň möhüm ähmiýetini belledi. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri bu ajaýyp bedewleriň häzirki wagtda hem halklaryň arasynda dostlugy, özara düşünişmegi we medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga hyzmat edýändigini aýdyp, şunuň bilen baglylykda, Isgender Zülkarneýniň Busefal atly ahalteke aty baradaky rowaýaty gürrüň berdi. Bellenilişi ýaly, rowaýatlarda Isgender Zülkarneýniň Busefal atyna guwanandygy we bu aty bilen Nusaý Patyşalygyna gelende, türkmen gojasynyň akyl-paýhasyna haýran galandygy barada aýdylýar.
Soňra Gahryman Arkadagymyz çykyş etmek üçin Ispaniýa Patyşalygynyň Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Blanka de Toledo söz berdi. Ol türkmen halkynyň Milli Liderini we mejlise gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, halkara ähmiýetli çärede Ispaniýa Patyşalygyna hem-de Ispaniýanyň Ahalteke atçylyk assosiasiýasyna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, ahalteke aty diňe bir özboluşly baýlyk we owadanlygyň nyşany bolmak bilen çäklenmän, eýsem, Türkmenistanyň köpasyrlyk taryhynyň, medeniýetiniň we mirasynyň aýrylmaz bölegidir. Onuň gözelligi, çydamlylygy, akyllylygy we adam bilen ajaýyp arabaglanyşygy ahalteke bedewini dünýäniň köp ýurtlarynda meşhur etdi.
Blanka de Toledo ýolbaşçylyk edýän assosiasiýasy tarapyndan geljekde hem ahalteke atynyň Ispaniýada we tutuş Ýewropada meşhurlygyny artdyrmak ugrunda degişli işleri geçirmegiň meýilleşdirilýändigini aýdyp, bu ugurda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetini belledi. Şeýle hem ol Ispaniýanyň Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň adyndan ahalteke atçylygyny we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge berýän yzygiderli ünsi hem-de goldawlary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza aýratyn hoşallyk bildirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri çykyş üçin hanym Blanka de Toledo minnetdarlyk bildirip, onuň dünýäde ahalteke atlarynyň abraýyny artdyrmak ugrunda alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz mejlisi jemläp, onuň guramaçylyk meseleleri barada aýtdy we ahalteke atlarynyň arasyndaky dünýä çempionatyny her bäş ýyldan geçirmegi teklip etdi. Milli Liderimiziň teklibi mejlise gatnaşyjylaryň giň goldawyna eýe boldy.
Soňra Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Marian Weltewreden çykyş edip, ýolbaşçylyk edýän assosiasiýasynda ahalteke atçylygyny ösdürmäge uly goşant goşan adamlara hemişe ýokary baha berilýändigini we olaryň ykrar edilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ahalteke atçylygyny ösdürmäge goşan aýratyn goşandyny belledi. Türkmen bedewiniň milli baýramy, her ýyl geçirilýän halkara maslahatlar, gözellik bäsleşikleri we sergiler — bularyň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň möhüm başlangyçlarynyň hem-de tаgallalarynyň ajaýyp miweleridir. Gahryman Arkadagymyzyň ahalteke bedewleri barada ýazan kitaplary bütin dünýäniň atşynaslaryna bu özboluşly tohumyň taryhyny, özboluşlylygyny çuňňur öwrenmäge ýardam berýär. Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bolsa türkmen halkynyň bu gadymy sungatyny bütin dünýä meşhur etdi.
Marian Weltewreden ahalteke atlarynyň arasynda şeýle uly dünýä çempionatynyň Ýewropada ilkinji gezek geçirilýändigini belläp, şu taryhy waka bilen baglylykda, Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Gahryman Arkadagymyzy «Atçylygy ösdürmäge goşan uly goşandy üçin” atly baýrak we degişli Kubok bilen sylaglamak kararyna gelendigini aýtdy we bu sylaglary Milli Liderimize gowşurdy.
Gahryman Arkadagymyz «Atçylygy ösdürmäge goşan uly goşandy üçin» atly abraýly baýraga mynasyp bolmagynyň uly hormatdygyny aýdyp, bu ýokary sylagyň, ilkinji nobatda, türkmen halkyna, dünýä meşhur ahalteke atlarynyň mekany bolan Türkmenistana goýulýan hormatyň we minnetdarlygyň nyşany bolup durýandygyny belledi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ahalteke bedewleriniň gadymy taryhy biziň halkymyzyň taryhy bilen aýrylmaz baglydyr. Türkmenler halk we döwlet hökmünde uly we köpasyrlyk ýoly geçdi. Ahalteke bedewleri şatlykly we kyn pursatlarda türkmenleriň hemişe wepaly dosty, ýoldaşy, daýanjy we buýsanjy hökmünde ýanynda boldy. Dünýäde şunuň ýaly örän ýakyn, uzak döwürlerden gelýän, hakyky ajaýyp sazlaşygyň mysalyny tapmak kyn.
Gahryman Arkadagymyz ahalteke bedewleriniň geljekki ykbalynyň geçmişden hem şöhratly bolmagyny gazanmagyň hemmeleriň umumy borjy bolup durýandygyna ynam bildirip, häzirki döwürde munuň üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.
«Diňe bir Türkmenistanyň tagallasy bilen däl, eýsem, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary yzygiderli berkitmek üçin ahalteke atçylygyny ösdürmegi möhüm hasap edýärin. Häzirki wagtda anyk strategiýany işläp düzmek, ýakyn onýyllykda ahalteke atçylygyny ösdürmek boýunça esasy ugurlary kesgitlemek biziň baş wezipämiz bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, «Pilbergen» ýaly şeýle hünär klasteriniň binýadynda dünýä bäsleşiginiň geçirilmegi mundan beýläk-de biziň maksadymyzy aýdyň görkezýär» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi we şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň garaýyşlaryny beýan etdi.
Bellenilişi ýaly, ilkinji nobatda, dünýä atçylyk sportuna gatnaşmagy giňeltmek möhümdir. Şunda esasy maksat ahalteke atlarynyň Olimpiýa ýaryşlaryna gatnaşmagydyr. Munuň üçin baş öwretmegiň we konkuryň halkara standartlary esasynda ýaş atlary taýýarlamak boýunça maksatnamalary işläp düzmek, şeýle hem biziň tohum atlarymyza degişliler üçin iri halkara baýraklary döretmek zerurdyr.
Şeýle hem «ýaşyl” diplomatiýany we ekosyýahatçylygy ösdürmek möhüm ähmiýete eýedir. Ahalteke bedewlerinde Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy ugry boýunça atly syýahatyň guralmagy dünýä syýahatçylygynyň täze bir görnüşi bolup biler.
Şunuň bilen bir hatarda, Gahryman Arkadagymyz weterinar ylmyna maýa goýmagyň, özboluşly genomy öwrenmek üçin halkara barlag grantlaryny döretmegiň zerurdygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, Kronenbergde geçirilýän çäre köp ýurtlardan assosiasiýalary bir ýere jemledi. Bu bolsa ahalteke atlaryny söýüjileriň, bu ugurdaky hünärmenleriň, pikirdeşleriň arasynda ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak üçin gowy mümkinçilik döredýär.
Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam edip, Halkara assosiasiýalar derejesinde hyzmatdaşlygyň ulgamlaýyn ugurlaryny döretmegiň zerurdygyny aýtdy hem-de olaryň arasyndan aň-bilim we barlag işlerini utgaşdyrmagy, anyk taryhy materiallary we maglumatlary alyşmagy teklip etdi. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri ahalteke bedewlerine bagyşlap köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, telewideniýede, dokumental esasda, sanly çeşmelerde, çap ediş önümi görnüşinde döredijilik eserlerini döretmegiň meýilnamalaryny we maksatnamalaryny işläp düzmegiň üstünde oýlanmagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy hem-de ahalteke bedewiniň bitewi genetik bankyny, ahalteke atlarynyň Halkara gaznasyny döretmek başlangyjyna seretmegi teklip etdi.
Gahryman Arkadagymyz tagallalary we mümkinçilikleri birleşdirmegiň zerurdygyny belläp, Türkmenistanyň bu işi goldamaga, maslahat beriş, usulyýet ýardamyny etmäge, arhiw we beýleki materiallary bermäge taýýardygyny tassyklady.
Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri ahalteke atlary bilen baglanyşykly işleriň ýene-de bir möhüm kesgitleýji ugruna ünsi çekip, ahalteke atlarynyň diňe bir türkmenleriň buýsanjy däl-de, türkmeniň döwletliliginiň, garaşsyzlygynyň, ähli halklar bilen dostluga we özara düşünişmäge açykdygynyň nyşanydygyny belledi.
«Biz dünýä jemgyýetçiliginiň jogapkär agzasy bolan döwlet hökmünde, beýik medeni we taryhy mirasyň eýeleri hem-de ony dowam etdiriji halk hökmünde ýokary ynsanperwer maksatlaryň hatyrasyna adamlaryň birleşmegine ýardam bermegi öz wezipämiz hasap edýäris. Bu wezipäni ýerine ýetirmekde ahalteke atlaryna mynasyp orun berýäris. Goý, onuň çalasyn asylly gadam urşy parahatçylyga we dostluga, özgerişiň we gülläp ösüşiň belentliklerine ýol açsyn!” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy hem-de ýokary sylag üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.
Şeýle hem Milli Liderimiz Kronenberg şäheriniň ýolbaşçylaryna myhmansöýerlik we mähirli garşylandyklary, çäreleri üstünlikli geçirmäge goşan uly goşantlary üçin tüýs ýürekden minnetdarlygyny beýan etdi.







