GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň önümleri birža söwdalarynda uly islege eýe boldy
07.09.2026

Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen birža söwdalarynda içerki we daşarky bazarlarda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň önümlerine isleg bildirildi.

Içerki bazarda Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen gurluşyk nebit bitumyny satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.

Daşarky bazarda singapurly telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninden az kükürtli ýakyş mazudyny satyn aldylar.

Şeýle hem geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen birža söwdalarynda içerki bazarda nah hasa, pagta süýümi we çig ýüpek ýerlenildi. Daşarky bazarda Gyrgyzystan Respublikasynyň işewürleri türkmen telekeçileri bilen biz matany satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar. Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) wekilleri Türkmenistanyň işewürleri bilen guradylan arassalanmadyk buýan kökini we kök baldaklaryny satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar. Türkiýeli işewürler türkmen telekeçilerinden portlandsement satyn aldylar.

Nah çig mata we nah ýüplügi içerki we daşarky bazarlarda ýerlenildi.