GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
OGT 2026 halkara maslahatynyň açylyş mejlisinde Türkmenistanyň energetika hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşylar
05.09.2026

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» atly 31-nji Halkara maslahaty we sergisi 2026-njy ýylyň 21–23-nji oktýabry aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriler. Halkara çäräniň açylyş plenar mejlisi «Türkmenistanyň sebit we halkara energetika hyzmatdaşlygynyň geljegini kemala getirmekdäki garaýşy» diýen mowzuga bagyşlanar. Bu barada maslahatyň guramaçylary deslapky maksatnamada habar berdiler.

Plenar mejlis OGT 2026 halkara maslahatynyň resmi işine badalga berer. Duşuşykda Türkmenistanyň energetika pudagyny durnukly ösdürmek, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek, maýa goýumlary çekmek hem-de dünýä energetika ulgamynda netijeli gatnaşyklary ösdürmek boýunça ýurduň uzak möhletleýin strategiýasy ara alnyp maslahatlaşylar.

Mejlisiň işine döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, halkara guramalarynyň wekilleri, milli we daşary ýurt energetika kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem-de strategik hyzmatdaşlar gatnaşarlar. Duşuşygyň dowamynda energetika pudagynyň geljegi, sebit we halkara hyzmatdaşlygy, maýa goýum syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, durnukly ykdysady ösüş, strategik hyzmatdaşlyk hem-de dünýä energetikasynyň ösüş ugurlary boýunça pikir alşylar geçiriler.

Açylyş plenar mejlisiniň alyp baryjysy APCO Worldwide kompaniýasynyň uly strategik geňeşçisi Jon Defterios bolar. Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanowyň, Özbegistan Respublikasynyň Energetika ministri Şerzod Hojaýewiň, Azerbaýjan Respublikasynyň energetika ministriniň orunbasary Orhan Zeýnalowyň, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Sýaozsýun Greýs Wan, Gaz eksport edýän ýurtlaryň forumynyň Baş sekretary doktor Filip Mşelbilanyň, PETRONAS kompaniýasynyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti Mohd Jukris Abdul Wahabyň hem-de S&P Global kompaniýasynyň wise-başlygy we CERAWeek-iň başlygy Daniel Ýerginiň çykyş etmegine garaşylýar.

OGT 2026 halkara maslahaty Türkmenistanyň energetika ulgamyndaky mümkinçiliklerini görkezmek, täze hyzmatdaşlyk ugurlaryny kesgitlemek we dünýä energetika bazarynyň esasy wekilleri bilen netijeli dialogy ösdürmek üçin möhüm halkara meýdança bolar.