GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Malaýziýa OGT 2026 forumyna Aşgabatda gatnaşmaga taýýarlanýar
02.09.2026

Malaýziýanyň Türkmenistandaky ilçisi Mohd Suhaimi Ahmad Tajuddin Turkmen Energy Forum-yň direktory Nazar Atajanow bilen duşuşdy. Bu barada Malaýziýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar «Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT 2026» atly XXXI halkara maslahatyna we sergisine görülýän taýýarlygy, şeýle hem Malaýziýanyň wekilleriniň bu çärä gatnaşmagy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT 2026» atly XXXI halkara maslahaty we sergisi Aşgabatda 21–23-nji oktýabr aralygynda geçiriler. Forum döwlet edaralarynyň, iri energetika kompaniýalarynyň, halkara guramalarynyň, maliýe edaralarynyň we bilermenler jemgyýetiniň wekillerini bir ýere jemlär.

Çärä gatnaşyjylaryň üns merkezinde Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny ösdürmegiň geljegi, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak we halkara energetika hyzmatdaşlygyny giňeltmek meseleleri bolar. Malaýziýanyň wekiliýetiniň gatnaşmagy iki ýurduň arasyndaky işewürlik gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin ýene-de bir mümkinçilik döreder.