Türkmenistnanyň döwlet haryt-çig mal biržasynda 31-nji awgustda geçirilen birža söwdalarynda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň önümlerine isleg bildirildi.
Singapuryň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen az kükürtli ýakyş mazudyny satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.
Içerki bazarda türkmen telekeçileri «Türkmenpagta» döwlet konserninden nah hasany satyn aldylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 390 000 manada we 35 487 580,59 ABŞ dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy.







