GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanda nebitgaz pudagynda zähmeti goramagy kämilleşdirmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy
31.08.2026

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi tarapyndan guralan «tegelek stol» geçirildi. Çäre zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk düzgünlerini kämilleşdirmek meselelerine bagyşlandy.

Söhbetdeşlige toplumyň önümçilik düzümleriniň inženerleri, şeýle hem tehniki howpsuzlyk we zähmeti goramak boýunça hünärmenler gatnaşdylar. Gatnaşyjylar «Türkmennebit», «Türkmengaz» döwlet konsernleriniň hem-de «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň önümçiliklerinde, edara-kärhanalarynda, şol sanda meýdan şertlerindäki önümçilik desgalarynda, bagçylyk we tokaý zolaklarynda tehniki howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilişini ara alyp maslahatlaşdylar.

Aýratyn üns işgärlere we hünärmenlere, şol sanda meýdan şertlerinde işleýän zähmet köpçüligine döredilýän amatly şertlere, zähmeti goramak babatda alnyp barlan işlere, ýangyn howpsuzlygy düzgünleriniň berjaý edilişine, şeýle-de ýurduň döwlet syýasatynda ileri tutulýan adam hakyndaky aladadan gelip çykýan çözgütleri köpçülikleýin şertnama girizmäge hem-de ony doly, dogry ýerine ýetirmäge berildi. «Tegelek stoluň» gatnaşyjylary zähmeti goramak işlerini kämilleşdirmek barada pikir alyşdylar, hödürlenen teklipler diňlenildi.

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, edara-kärhanalara, önümçiliklere ornaşdyrylýan döwrebap tehnologiýalar we enjamlar iş şertlerini ýeňilleşdirmek bilen birlikde, önümçiligiň depginini ýokarlandyrýar we daşky gurşawyň abadançylygyna oňaýly täsir edýär. Olaryň sözlerine görä, ýurtda amala aşyrylýan adamyň saglygyny berkitmek, dikeltmek, iş şertlerini gowulandyrmak we dynç alşy talabalaýyk guramak boýunça giň gerimli maksatnamalar raýatlary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.

 

Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti