GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň täze ilçisini kabul etdi
29.08.2026

28-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şener Jebejini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Ilçi duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, ata Watany Türkmenistanda Türkiýe Respublikasyna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Şener Jebejini Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenilmegi bilen gutlady hem-de oňa iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barjak ýokary diplomatik wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan üçin Türkiýe Respublikasy iň ýakyn doganlyk döwlet bolmak bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklar uzak möhletleýin strategik häsiýete eýedir. Iki ýurduň arasyndaky döwletara gatnaşyklar özara hormat goýmak, birek-birege ynanyşmak esasynda alnyp barylýar. Ýokary döwlet derejesindäki gatnaşyklar, Hökümet wekiliýetleriniň yzygiderli amala aşyrýan özara saparlary we gepleşikler hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly çärelere gatnaşmagynyň ýokary derejede alnyp barylýan döwletara hyzmatdaşlygyň has-da ilerledilmegine täze itergi berendigini nygtady.

Ýurtlarymyz diňe bir ikitaraplaýyn derejede däl, eýsem, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde-de üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Bu babatda halkara syýasatyň we sebit gatnaşyklarynyň özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri boýunça, hususan-da, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmekde, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde iki ýurduň garaýyşlarynyň meňzeşdigi kanagatlanma bilen bellenildi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdyp, Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistanyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridigini nygtady. Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmakda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara topara we işewürlik geňeşine uly orun degişlidir.

Söhbetdeşligiň dowamynda iki döwletiň we olaryň halklarynyň arasynda medeniýet, ylym, sungat, döredijilik ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň giň gerimde alnyp barylýandygy aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow diplomatyň Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hökmünde ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmak ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynam bildirdi.

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şener Jebeji bildirilen uly ynam üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, diplomatik wezipesinde iki ýurduň we olaryň halklarynyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak, Türkiýe Respublikasy bilen Türkmenistanyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda yhlasly zähmet çekjekdigine ynandyrdy.