GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi
29.08.2026

28-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisde «Elektron söwda hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny taýýarlamak, Türkmenistanyň Jenaýat, Gümrük, Zähmet, Sanitariýa we Maşgala kodekslerine hem-de başga-da käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek, döwletimiziň halkara resminamalara goşulmagyny hukuk taýdan goldamak boýunça işler dowam etdirilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek hem-de ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek, dürli pudaklarda zähmet çekýän raýatlary döwlet sylaglaryna hödürlemek bilen baglanyşykly işler durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak maksady bilen, Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolandyklary, Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleriniň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde guran maslahatlaryna we duşuşyklaryna gatnaşandyklary barada hem aýdyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gowy taýýarlyk görmegiň, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Soňra ozal berilen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi we geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary hasabat berdiler. Wise-premýerler Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleri hem hödürlediler.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabatlary diňledi we hödürlenen teklipleri makullap, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, 1-nji sentýabrda ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar gününiň giňden bellenilip geçiljekdigini aýtdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Aşgabat şäherinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň, ýurdumyzda okuw mekdepleriniň we çagalar baglarynyň birnäçesiniň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga beriljekdigini aýtdy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Arkadag şäheriniň «Ruhyýet» köşgünde Türkmenistanyň ýaşlary, talyplary we okuwçylary bilen möhüm ähmiýetli umumy sapagyň geçiriljekdigini belledi hem-de baýramçylyk mynasybetli ýolbaşçylaryň her biriniň jogap berýän ýokary okuw mekdepleri boýunça degişli guramaçylyk işleriniň geçirilmelidigini aýtdy.

«Biz geljekde hem bilim ulgamyny ösdürmek, ýaş nesillerimize döwrebap bilim bermek boýunça alyp barýan işlerimizi dowam etdireris» diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, mejlise gatnaşyjylary, bilim işgärlerini, bagtyýar ýaşlarymyzy Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.