«Türkmengaz» döwlet konserniniň Balkan welaýatyndaky edara-kärhanalary ilatymyzy we senagat desgalaryny mawy ýangyç bilen üpjün etmekde uly üstünliklere ýetýärler. Pudagyň öňdebaryjy edaralarynyň biri bolan «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň Balkanabatdaky «Günbatargazakdyryş» müdirligi gaz geçiriji ulgamlaryň bökdençsiz işlemegini gazanýar. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berdi.
Müdirligiň hünärmenleri uzynlygy 2 müň 265 kilometre deň bolan ýokary basyşly magistral gaz geçirijilerine, gaz akdyryjy we gysyjy desgalara yzygiderli gözegçilik edýärler. Kärhana tarapyndan welaýatyň gaz ýataklaryndan alynýan tebigy gaz Balkanabat şäheriniň «Balkangazüpjünçilik» müdirligine, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna, Balkanabat we Awaza döwlet elektrik stansiýalaryna, Gyýanlydaky polimer zawodyna hem-de Ahal welaýatynyň gerekli desgalaryna ugradylýar.
Ýylyň geçen hasabat döwründe müdirlik tarapyndan sarp edijilere 3 milliard 142 million 747 müň kub metrden gowrak tebigy gaz ýetirildi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, sarp edijilere 697 million kub metre golaý köp mawy ýangyjyň ugradylandygyny görkezýär.
Häzirki wagtda kärhananyň agzybir işgärleri Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramyny ýokary önümçilik görkezijileri bilen garşylamak üçin zähmet üstünliklerini barha artdyrýar.
Çeşme: «Türkmenistan» gazeti







