GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Prezidenti Nepalyň ýolbaşçylaryna emele gelen suw joşmalary we süýşgünler zerarly gynanç bildirdi
28.08.2026

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Nepal Federatiw Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Ramçandra Paudele hem-de Premýer-ministri Balendra Şaha ýurduň demirgazyk sebitlerinde emele gelen suw joşgunlarynyň we süýşgünleriň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de uly möçberli weýrançylyklara getirendigi zerarly çuňňur gynanç bildirdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.