GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Koreýa Respublikasynyň ilçisi Türkmenbaşy nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna bardy
28.08.2026

Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Li Won-je Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna (TNGIZT) baryp gördi. Saparyň çäklerinde diplomat toplumyň direktory Döwran Çişiýew bilen duşuşyk geçirdi.

Taraplar nebiti gaýtadan işlemek pudagynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, koreý kompaniýalarynyň Türkmenistandaky ornunyň möhümdigi bellenildi. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň ýolbaşçylygyna berýän goldawy üçin minnetdarlyk bildirip, ilçi Li Won-je toplumy döwrebaplaşdyrmak we tehniki hyzmat bermek boýunça taslamalara koreý kompaniýalarynyň gatnaşygynyň giňeldiljekdigine umyt bildirdi.

Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Li Won-je Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümçilik desgalary bilen tanyşdy hem-de Koryo Shipbuilding Industry Technology (KSIT) we Yuhan Tech kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşdy.