«Türkmennebit» döwlet konserniniň düzümine girýän «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň Barsagelmez ýatagynyň guýularyny düýpli abatlaýyş müdirligi ýylyň başyndan bäri önüm bermesini kemelden ýa-da bütinleý bes eden 93 guýyny gaýtadan hatara goşdy. Olaryň 75-siniň önümçilige girizilmegi netijesinde goşmaça 26 müň 500 tonnadan gowrak nebit alyndy, bu bolsa bellenen meýilnamanyň 134 göterimini düzýär.
Müdirligiň hünärmenleri Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň bellenilýän ýylynyň ahyryna çenli guýularyň düýpli abatlaýyş işlerini dowam etdirmegi we täze hatara goşulan desgalaryň hasabyna goşmaça alynýan nebitiň umumy möçberini artdyrmagy maksat edinýärler.
Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti







