GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň nebithimiýa we dokma önümlerine birža söwdalarynda uly isleg bildirilýär
24.08.2026

Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen birža söwdalarynda içerki we daşarky bazarlarda ýurdumyzyň nebithimiýa önümlerine isleg bildirildi.

Içerki bazarda Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «TPP D 30 S» kysymly polipropileni satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.

Daşarky bazarda Owganystanyň, Türkiýe Respublikasynyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «B» kysymly karbamidi satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar. Şeýle hem Owganystanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri «Türkmenhimiýa» döwlet konserninden kükürtsizlendirilen dizel fraksiýasyny satyn aldylar.

Mundan başga-da, geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen birža söwdalarynda içerki we daşarky bazarlarda birinji hilli bugdaý ununy, nah ýüplügini we dokma önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.