«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Abatlaýyş-sazlaýyş we elektro-gurnama müdirliginiň hünärmenleri şu ýylyň başyndan bäri Balkan welaýatynyň nebitgaz senagaty kärhanalaryna 24 million 406 müň manatlykdan gowrak hyzmat etdiler. Habar berlişi ýaly, bu görkeziji meýilnamadan 885 müň 402 manat artykdyr.
«Türkmennebit» döwlet konserniniň düzümine girýän müdirlik konserniň kärhanalarynyň enjamlaryny düýpli abatlamak, sazlamak we synagdan geçirmek bilen meşgullanýar, şol sanda aragatnaşygyň elektrik geçirijileri, awtomatiki we ölçeg-barlag gurallary, burawlaýyş enjamlary, awtoulag tehnikalary, şeýle-de has çylşyrymly elektrokuwwatlykly ulgamlara hyzmat etmek. Onuň düzüminde merkezi energo-tehnologiýa gullugy we 10 sany bölüm hereket edip, şol sanda barlag-ölçeg enjamlaryny abatlamak we ulanmak boýunça bölüm hem-de elektro maşynlary we enjamlary abatlaýjy bölüm bar.
Hasabat döwründe müdirlik boýunça konserniň we beýleki edara-kärhanalaryň jemi 1953 sany sargydy ýerine ýetirildi. «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň burawlaýjylary şu ýylyň meýilnamasyny 104,9 göterim berjaý etdiler. Diňe iýul aýynda müdirligiň hünärmenleri edara-kärhanalaryň 264 sany sargydyny amal edip, 4 million 248 müň manatlykdan gowrak hyzmat etdiler, bu bolsa meýilnamanyň 105 göterimine barabardyr.
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Abatlaýyş-sazlaýyş we elektro-gurnama müdirliginiň başlygy Azat Gajarow müdirligiň hünärmenleriniň konserniň edara-kärhanalaryna hyzmat etmekde zähmetiň ajaýyp nusgasyny görkezýändigini belledi. Onuň sözlerine görä, işgärleriň ruhubelentligini ýokarlandyrmak maksady bilen olaryň arasynda yzygiderli wagyz-nesihat we göwün göteriji medeni çäreler, şeýle-de sport ýaryşlary geçirilýär.
Müdirligiň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň başlygy Salyhberdi Öwezow bu çäreleriň hünärmenleriň öňde goýlan meýilnamalara abraý bilen hötde gelmeginde uly ähmiýete eýedigini nygtady.
Çeşme: «Türkmenistan» gazeti







