21-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabadyň günorta künjeginde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Halkara pediatriýa merkeziniň desgalar toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Munuň özi Türkmenistanda ynsan saglygynyň berkidilmegi, aýratyn-da, çagalaryň saglygy we olaryň sazlaşykly ösüşi bilen baglanyşykly meseleleriň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýandygynyň aýdyň güwäsidir.
Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Gaýypow Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň düzümine girýän Halkara pediatriýa merkezinde alnyp barylýan işler, merkeziň bölümleriniň enjamlaşdyrylyş derejesi, binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramçylygynda açylmagy meýilleşdirilýän Halkara pediatriýa merkeziniň binalar toplumynyň gurluşyk işlerini synlap, bu ýerde görkezilen taslamalar, binanyň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary hem-de merkeziň otaglarynyň enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy. Taslamalaryň hatarynda pediatriýa merkeziniň baş meýilnamasy, umumy görnüşi, merkeziň otaglarynda oturdylan enjamlaryň görnüşleri, kliniki barlaghanalar, operasiýa we ýatymlaýyn otaglaryň görnüşleri, mejlisler zaly, çagalar üçin niýetlenen oýun meýdançasy, ugurdaş desgalar bar. Aýratyn-da, bölümlerde oturdylýan enjamlaryň görnüşleri şekil taslamalarynda möhüm orny eýeleýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow merkeziň çagalar üçin niýetlenendigini nazara alyp, onuň binalarynda ösüp gelýän ýaş nesilleriň dünýäsine mahsus şertleriň döredilmelidigini belledi we taslamalar babatda birnäçe belliklerini aýdyp, degişli düzedişleri girizdi. Häzirki döwürde halkara ülňülere doly laýyk gelýän lukmançylyk edaralarynyň gurulmagyna we olaryň ýokary derejede enjamlaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtap, döwlet Baştutanymyz bu işlerde halkara tejribä, häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna esaslanmak babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz Halkara pediatriýa merkeziniň desgalarynyň gurluşygy, olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy, binalaryň bezeg aýratynlyklary, enjamlaşdyrylyşy barada maglumat berýän taslamalar we çyzgylar bilen içgin tanşyp, merkeziň otaglarynyň sanlylaşdyrylmagyna zerur üns berilmelidigini belledi. Merkez 5 gatdan ybarat bolup, ol 3 ýaşdan ýokary bolan çagalara lukmançylyk hyzmatlaryny bermäge niýetlenendir. Onda ýola goýuljak lukmançylyk hyzmatlaryny dünýäniň öňdebaryjy klinikalary bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrmak meýilleşdirilýär.
Taslamalar bilen tanyşlygyň barşynda döwlet Baştutanymyz täze gurulýan merkeziň işiniň maslahat beriş, anyklaýyş-bejeriş derejesiniň ýokary bolmalydygyny belläp, bu ýerde işlejek lukmanlaryň hünär derejesini kämilleşdirmek, lukmançylyk hyzmatlarynda emeli aňyň mümkinçiliklerini we sanly tehnologiýalary işjeň ulanmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigine ünsi çekdi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow saglygy goraýyş ulgamynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulandygyny nygtap, olaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini aýtdy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz Halkara pediatriýa merkeziniň şekil taslamalary we çyzgylary bilen tanyşlykdan soňra, onuň maslahat beriş, anyklaýyş, bejeriş, ýatymlaýyn otaglary bilen içgin tanyşdy. Merkeziň maslahat beriş otagynda çagalaryň dünýäsini baýlaşdyrjak dürli bezegler bolup, olaryň körpelerde uly gyzyklanma döretjekdigi bellenildi. Anyklaýyş bölüminde birnäçe ugurlar bolup, olar funksional hem-de şöhle bilen anyklaýyş ýaly ugurlary öz içine alýar. Şeýle-de bu ýerde endoskopiýa barlaglaryny geçirmek üçin dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň häzirki zaman enjamlary ornaşdyryldy. Munuň özi emeli aňyň üsti bilen maglumatlary tiz we anyk kabul etmäge şert döreder. Döwlet Baştutanymyz ähli ugurlarda bolşy ýaly, saglygy goraýyş ulgamynda, şol sanda çagalaryň saglygyny dikeltmekde emeli aňyň mümkinçiliklerinden we sanly tehnologiýalardan netijeli peýdalanylmalydygyna ünsi çekip, merkeziň otaglarynda gurnalan enjamlaryň netijeli, uzak möhletleýin esasda ulanylmagy babatda anyk tabşyryklary berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bejeriş bölüminiň özboluşly aýratynlyklary bilen hem tanyşdy. Bu ýerde çagalaryň saglygyny dikeltmek, degişli bejeriş işlerini ýerine ýetirmek, operasiýalary geçirmek üçin ähli zerur şertler bar. Bölümde sanly rentgen, intensiw bejeriş otaglary bolup, olar häzirki zamanyň ösen tejribelerine laýyklykda enjamlaşdyrylypdyr. Şeýle hem bu ýerde sanly ulgamyň kömegi bilen dürli şekiller görkezilýär. Bu bolsa çagalaryň saglygyny dikeldýän pursatlarynda olaryň ünsüni sowmaga, bejergi işlerini rahat hem-de amatly ýagdaýda geçirmäge mümkinçilik berýär. Bu bölümde ulanyljak enjamlar emeli aň tehnologiýasy arkaly maglumatlary takyk we tiz almaga, anyk çözgüdi dessin kabul etmäge şert döredýär. Şeýle-de bu enjamlaryň bejerijilik häsiýetiniň ýokarydygyny aýratyn bellemeli. Sebitde iň täze hasaplanýan enjamlaryň netijeli ulanylmagy üçin bölümde işlejek öz işine ussat lukmanlaryň seçilip alynmagy möhümdir. Bejeriş bölüminde oturdylan monitorlarda otagyň howa derejesiniň kadaly saklanmagyny üpjün edýän maglumatlar görkezilip, ol otaglarda islendik wagtda kada laýyk howanyň saklanmagynda wajyp ähmiýete eýedir.
Operasiýa bölüminde gurnalan monitorda ähli bölümler bilen onlaýn aragatnaşyk ýola goýulýar. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri bu bölümde wideoaragatnaşyk arkaly beýleki degişli bölümlerden zerur maglumatlary almak mümkinçiliginiň döredilendigini belläp, onlaýn aragatnaşygyň zerur maglumatlary dessin we ýokary hilli almaga mümkinçilik berýändigini, munuň bolsa operasiýalary şowly geçirmekde ähmiýetlidigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz merkeziň bölümlerinde ýerine ýetiriljek bejeriş işleriniň elektron maglumatlaryny saklamak meselelerine aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Munuň özi geçirilen bejergileriň taryhy bilen islendik döwürde sanly ulgam arkaly tanyşmak mümkinçiligini üpjün eder. Bu bolsa lukmanlaryň degişli ugurlar boýunça tejribe toplamaklarynda ähmiýetlidir.
Merkeziň operasiýadan soňky dikeldiş işlerini geçirmäge niýetlenen bölüminde-de ähli zerur şertler döredilipdir. Onda aýratynlykda gözegçilik etmek hem-de ýokanç keselleriň ýaýramazlygy üçin talabalaýyk şertler göz öňünde tutulan.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz merkeziň bölümlerinde alnyp barylýan işleriň ýokary hil derejesinde we anyk netijäni nazarlaýan görnüşde geçirilmegi bilen bir hatarda, arassaçylyk ýagdaýyna-da möhüm üns bermegi tabşyrdy. Bölümleriň arassaçylygy, olarda howa çalşygynyň üpjün edilmegi saglygy goraýyş işgärlerine bildirilýän esasy talaplaryň biri bolup durýar.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow merkeziň ýatymlaýyn otaglary bilen tanyşdy. Bölümiň otaglarynda ýatymlaýyn bejergi alýan çagalar üçin ýokary derejeli mümkinçilikler üpjün edilipdir. Otaglaryň arassalygy, olarda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy çagalar üçin ähli amatlyklaryň elýeterli bolmagyny şertlendirýär. Mundan başga-da, çagalara niýetlenen oýun meýdançasy bolup, ol ýerde körpeleriň dürli oýunlary oýnap bilmekleri babatda degişli şertler bar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz Halkara pediatriýa merkeziniň bölümleriniň enjamlaryny uzak möhletleýin esasda ulanmak maksady bilen, olary rejeli peýdalanmak işlerine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini ýene-de bir gezek belledi. Şol bir wagtyň özünde, lukmanlaryň dünýäniň ösen tejribesini, ylmyň soňky gazananlaryny işjeň özleşdirmekleri ugrunda ähli zerur işler ýerine ýetirilmelidir. Bu barada anyk tabşyryklary berip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz binanyň daşyna çykdy we gurluşyk işlerini ýokary hilli hem-de öz wagtynda tamamlamagy tabşyrdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow merkeziň açylyş dabarasyna ýokary derejede taýýarlyk görmekde we kesgitlenen wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.







