GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Ýedi aýda Türkmenistan bilen Gazagystanyň 2,6 million tonnadan gowrak nebiti Baku – Tbilisi – Jeýhan arkaly geçirildi
21.08.2026

2026-njy ýylyň ýanwar–iýul aýlarynyň netijeleri boýunça Baku – Tbilisi – Jeýhan (BTJ) esasy nebit geçirijisi arkaly Türkmenistandan we Gazagystandan jemi 2 million 618 müň 500 tonna çig nebit halkara bazarlaryna akdyryldy. Bu barada Azerbaýjanyň Döwlet statistika komiteti habar berdi.

Hasabat döwründe bu turba geçirijisi arkaly daşalan nebitiň umumy möçberi 14 million 773 müň 200 tonna deň boldy. Şunlukda, Türkmenistandan we Gazagystandan ugradylan energiýa serişdeleri akdyrylan umumy nebitiň 17,7 göterimini eýeledi. Söwda amallarynyň galan 12 million 154 müň 700 tonnasy, ýagny 82,3 göterimi bolsa Azerbaýjanyň özünde çykarylan nebitiň paýyna düşdi.

Uzynlygy 1768 kilometre ýetýän Baku – Tbilisi – Jeýhan nebit geçirijisi Hazar sebitiniň energiýa serişdelerini dünýä bazaryna çykarmakda strategik ähmiýete eýedir. Bu magistral geostrategik geçelge çig nebiti Bakudan başlap, Gruziýanyň çäginden geçirmek bilen Türkiýe Respublikasynyň Ortaýer deňziniň Jeýhan portuna bökdençsiz ýetirmegi üpjün edýär.