Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 20-nji awgustda geçirilen birža söwdalarynda içerki bazarda nebit önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.
Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «TPPD 30 S» kysymly polipropileni satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy. Şeýle hem içerki bazarda birinji hilli bugdaý uny ýerlenildi.
Daşarky bazarda azerbaýjanly telekeçiler türkmen işewürlerinden dokma önümlerini satyn aldylar. Türkiýe Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri nah ýüplügini satyn aldylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 65 715 000,00 manada we 81 567,50 ABŞ dollaryna deň bolan 4 geleşik baglaşyldy.







